2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik ranglar hakyndaky», «Türkmenistanyň konsulluk edaralary hakyndaky» Kanunlary we 2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 21 sany düzüm bölekden – 3 departamentden, 13 sany bölümden şeýle hem bäş welaýatdaky wekilhanalardan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň düzüm bölümçeleriniň iş tertibi, wezipeleri we borçlary degişli düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň düzümi we işgärleriniň sany, şeýle hem daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň düzümi we işgärleriniň sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

“Türkmenistanyň diplomatik gullugy” hakyndaky kanunyna laýyklykda, diplomatik gulluk -  bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklar çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik  wekilhanalary we konsullyk edaralary, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary, Türkmenistanyň çägindäki Daşary işler ministrliginiň  wekilhanalary girýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary syýasatyny amala aşyrýan we diplomatik gullugyna ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara bolup durýar.

 Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleriniň 140-sy bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýdy. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 38-si hereket edýär. Türkmenistanda hem daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň 37--si işleýär.

Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we şertnamalarynyň 136-synyň gatnaşyjysy bolup durýar.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

 Muňa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dürli halkara forumlarynda öňe süren başlangyçlary, ýagny: BMG-niň energetika maslahatyny döretmek,  Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky ýokary derejedäki maslahaty döretmek, Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar bilen düzgünleşdirmek we bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek we başga-da birnäçe başlangyçlar gönükdirilendir.  

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk adamzadyň ösüşini we progresini üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýyş derejesini we maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, bütindünýä ykdysady we sosial ösüş üçin amatly şertleri döretmäge, adamlaryň döredijilik başarnygynyň ýokary derejede açylmagyna, onuň esasy hukuklarynyň we erkinliginiň höweslendirmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen, şol sanda Merkezi Aziýa we Hazar sebitindäki döwletler bilen däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şol bir wagtda Orta we Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerindäki döweletler bilen ysnyşykly gatnaşyklarda bolup durýar. Ýewropa we Amerika yklymlarynyň döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ýurt baştutanynyň tabşyrygy boýunça Afrika döwletleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekde degişli işleri alyp barýar. Türkmenistan 44 sany halkara guramalarynyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulmazlyk hereketi we beýlekiler bar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly guramalarda Türkmenistanyň assosiirlenen agza derejesi bar. 

Türkmenistan global ösüş döwrüniň we müňýyllygyň maksatlaryny we meselelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň Geňeşleriniň, Komitetleriniň we Komissiýalarynyň sekizsiniň düzümine girýär. 2016-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

2014-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde  EKOSOS-yň guramaçylykly  mejlisinde BMG-niň dürli guramasyna saýlawlar geçirilende Türkmenistan aşakdaky guramalara agza hökmünde saýlandy: 2014-2017-nji ýyllar. üçin BMG-niň sosial ösüş boýunça Komissiýasyna, 2014-2016-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüşiň hatyrasyna ylym we tehnika boýunça Komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine (hemişelik esasda).

2015-nji ýylyň 8-10-njy aprelinde  EKOSOS-yň guramaçylyk mejlisinde BMG-niň dürli guramasyna saýlawlar geçirilende Türkmenistan aşakdaky guramalara agza hökmünde saýlandy:

2016-2019-njy ýyllar üçin BMG-niň ilatly nokatlaryny boýunça Maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşiniň agzalygyna  (BMG-HABITAT);

BMG-niň ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna 2016-2019-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň agzalygyna (täzeden saýlanylmagy);

2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine.

2012-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Parižde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Baş Assambleýasynda 2013-2017-nji ýyllar üçin  Türkmenistan başlyklyk ediji agzanyň içine girip ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanyldy.

Abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklar yzygiderli esasda amala aşyrylýar, şu ýyl gol çekilen 2016—2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy, 2016—2020-nji ýyllar üçin ÝUNISEF we UNFPA bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýurt maksatnamalarynyň hereketler meýilnamalary, beýleki birnäçe resminamalar munuň subutnamasydyr. Olaryň hemmesi Türkmenistanda durmuş-ykdysady, energetika, ekologiýa, hukuk we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki anyk maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol başlangyçlar bolsa möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we köpşahaly ulag-üstaşyr düzümleri döretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalarynda öz beýanyny tapdy. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ençeme gezek iri halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp meseleleri girizildi. Şu ýyl bolsa Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçiriler. Munuň özi hem Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär.

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017