icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 oktýabr 2018

925

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Wladimir Putini 7-nji oktýabrda bellän doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk hem-de jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda bar bolan mümkinçiliklere garadylar.

Taraplar sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem özgertmegiň möhümdigini bellediler we birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi