icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 oktýabr 2018

1026

Aşgabatda aragatnaşyk we maglumatlar babatda bilermenleriň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady.

Türkmenistan ýurtda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi ugur edinýär. Aşgabatda geçirilen bu halkara düzümiň wekilçilikli maslahaty hem şoňa ýardam berer.

Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekomunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem türkmen halkynyň durmuş derejesini, maddy üpjünçiligi we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle meýilnamalaryň bolmagy eýýam esasy daşary ýurt meýdanlarynda, hususan-da, Yslam ösüş bankynda – Jiddada (Saud Arabystany) ýerleşen halkara maliýe guramasynda gyzyklanma döretdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynyň çäklerinde ASA-nyň agza ýurtlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada habarlar diňlenildi. GDA ýurtlarynda 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine uly üns berildi, şolar tutuş dünýäde internetiň ösmegine uly täsirini ýerine ýetirýär.

Şeýle hem, mejlisiň çäklerinde 2022-nji ýyla çenli döwür üçin Halkara elektroaragatnaşyk birleşigini (HEB) ösdürmegiň mümkinçilikleri, GDA sebiti üçin HEB-iň sebitdäki bölüminiň işleri, ASA-nyň aragatnaşyk administrasiýalarynyň Bütindünýä radioaragatnaşyk maslahatyna hem-de 2019-njy ýylyň radioaragatnaşyk assambleýasyna taýýarlyk görmegi, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin 2017-2020-nji ýyllarda Bütindünýä poçta birleşiginiň sebit ösüşiniň meýilnamasyny amala aşyrmak, ASA-nyň gatnaşyjy ýurtlarynyň sanly bazaryny döretmek ýaly işleri geçirmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda bu mejlis öz işine dowam etmek bilen, maslahata gatnaşyjylar ASA-nyň poçta aragatnaşygy boýunça toparynyň, poçta aragatnaşyk operatorlarynyň birleşiginiň işleri, ýerine ýetiriji komitetiniň işi hem-de 2017-nji ýyl üçin bu Arkalaşygyň derňew toparynyň işiniň netijeleri hakynda hasabatlary bilen tanyşdylar we dünýäde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, wekiliýetler şol gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Türkmentel - 2018” atly XI halkara sergisine gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi