2017-nji ýylyň 06-23-nji iýuny aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 35-nji sessiýasynyň netijesinde gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň birnäçe resminamalar, şol sanda Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň toparynyň adyndan “Aýallara we gyzlara garşy edilen zorluklaryň bahasy” atly bilelikdäki beýannamasy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Her bir gyzyň bilim almak hukugynyň deňligi” atly kararnamasy kabul edildi we Türkmenistan hem bu resminamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Bellemeli zatlaryň biri hem, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 35-nji sessiýasynyň resminamalaryna awtordaş bolmagy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda ozaldan amala aşyrylýan 2016-2020-nji ýyllar üçin Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça Milli maksatnamasyny we 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi hakyndaky Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmeginiň dowamydyr.