2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda SÖZLÄN SÖZI (Aşgabat, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabry)

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar!

Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin. Olara şu maslahatyň işine gatnaşmak we türkmen halky bilen bilelikde taryhy senäni – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny bellemek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Dowamy...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sammitinde eden ÇYKYŞY (Tähran, 2015-nji ýylyň 23-nji noýabry)

Hormatly jenap Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Hasan Ruhanä myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Dünýä energetika giňişligindäki, şol sanda gaz pudagyndaky häzirki ýagdaý biziň öňümizde uly we çylşyrymly wezipeleriň birnäçesini goýýar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy esasy meseleleriň biri bolmak bilen,  bütindünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli we sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Dowamy...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde SÖZLÄN SÖZI (2015-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Nýu-Ýork şäheri)

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly jenap Baş sekretar!

Hormatly wekiliýetleriň

baştutanlary we agzalary!

Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär.

Dowamy...

Duşenbe, ýanwar 16, 2017