2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Palestina Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (AOH) ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Öweznepesowiç Serdarow Türkmenistanyň Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek (HÝAG) baradaky guramanyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017