2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Ýaponiýada Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi

2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Ýaponiýanyň iň iri sungat muzeýleriniň biri bolan “POLA” muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi. Bu çäre 2016-njy ýylyň sentýabryndan  2017-nji ýylyň mart aýyna çenli “POLA” muzeýinde hereket edýän Türkmenistanyň etnografiýa we şaý-sepler eksponatlarynyň sergisiniň çäklerinde gurnaldy.

Dowamy...

Täjigistanda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ulag üstaşyr geçirijileriniň ornuna” bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

2016-njy ýylyň 27-nji iýulynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Täjigistanyň Daşary işler we ulag ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ulag üstaşyr geçirijileriniň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Dowamy...

Yslamabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary we Türkmenistandaky mümkinçilikleri öwrenmek” mowzukly seminar geçirildi

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda Yslamabat şäherinde ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Diplomatik Insaýt” žurnaly bilen bilelikde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary we Türkmenistandaky mümkinçilikleri öwrenmek” mowzukly seminar geçirdi.

Dowamy...

Russiýanyň Astrahan we Stawropol ülkelerinde Türkmenistanyň Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi

2016-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygy Türkmenistanyň Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Astrahan şäheriniň gözel ýerinde ýerleşen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyny geçirdi.

Dowamy...

Duşenbe, ýanwar 16, 2017