2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Düzgünler

  

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2016-njy ýylyň 31-nji awgustyndaky

№ 43-Ö buýrugy bilen tassyklanan

 

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri üçin bäsleşigi geçirmekligiň
TERTIBI

 

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Tertip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini (mundan beýläk «Merkez» diýip atlandyrylýan) tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin bäsleşik esasynda seçip almagyň we bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýär.

3.  Bäsleşige Merkeziň okuwyny üstünlikli tamamlan ýokary     (orta hünär) bilimi bolan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlar gatnaşyp bilýärler.

4. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän raýatlar (mundan beýläk – dalaşgärler) meýletin we muzdsuz esasda gatnaşýarlar.

  

II. Bäsleşigi geçirmegiň şertleri we tertibi

 

5. Bäsleşik boýunça bildiriş Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde,  hususan-da «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde yglan edilýär.

Bäsleşik boýunça bildiriş köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilenden soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

6. Bäsleşigiň geçirilýändigi barada maglumat çap edilenden soň ýigrimi günüň dowamynda bäsleşige gatnaşmak üçin, şu aşakda görkezilen resminamalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürlemeli:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň arzasy,

- pasport nusgasy,

- ýokary (orta hünär) bilim baradaky resminamanyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuwy tamamlandygy barada degişli şahadatnama;

- terjimehaly;

- ýakyn dogan-garyndaşlary barada maglumat;

3x4 sm ölçegdäki fotosurat (4 sany);

- soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama;

- saglyk ýagdaýy barada kepilnama;

- harby bilediniň nusgasy (egerde bar bolsa).

7. Şu tertibiň 6-njy bölüminde görkezilen resminamalary tabşyrandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan dalaşgärlere bäş günüň dowamynda bäsleşiginiň geçiriljek senesi we wagty barada habar berilýär.

8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin bäsleşik on günüň dowamynda geçirilýär.

9. Bäsleşik geçirmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň buýrugy bilen tassyklanýan seçip alyş Topary döredilýär.

 

10. Seçip alyş Topary, şu aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

- şu Tertibiň 6-njy bölümde görkezilen resminamalara garaýar we tabşyrylan maglumatlary bilen tanyşýar;

- dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirýär;

- tälim alşy geçmek üçin dalaşgäri teklip etmek ýa-da tälim alşy geçmäge dalaşgäri kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär.

 

III. Jemleýji düzgünleri

 

11. Seçip alyş toparynyň çözgüdi açyk ses we sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär.

Seçip alyş toparynyň çözgüdi toparyň başlygy we agzalary tarapyndan gol çekilen aýratyn teswirnama bilen resmileşdirilýär.

12. Seçip alyş topary bäsleşigiň netijeleri boýunça tälim alyjylaryň sanawy taýýarlaýar we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň garamagyna hödürleýär.

 

 

 



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik ranglar hakyndaky», «Türkmenistanyň konsulluk edaralary hakyndaky» Kanunlary we 2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Dowamy...

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017