2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Hünärler

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda institutyň gurluş düzümi tassyklandy. Oňa laýyklykda institutda 4 sany fakultet we okuw merkezi hereket edýär: 

— Halkara gatnaşyklary fakulteti;

  — Halkara hukugy fakulteti;

— Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti;

  — Halkara žurnalistikasy fakulteti;

   Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi.

Institutda 6 sany kafedra bar:

  1. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy;

  2. Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy;

  3. Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;

  4. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy;

  5. Dünýä dilleri kafedrasy;

  6. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy.

Institut Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. 

HALKARA HUKUGY WE DEŇEŞDIRME HUKUK ÖWRENIŞ KAFEDRASY

         Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy Halkara hukugy hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Kafedranyň mugallymlary diňe bu hünäriň däl, eýsem beýleki hünärleriň talyplaryna hem halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň çygryndaky dersler boýunça bilim berýärler. Olar halkara hukugynyň dürli meseleleri boýunça ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýalary, «Halkara ynsanperwerlik hukugy», «Halkara deňiz hukugy», «Deňeşdirme hukuk öwreniş» dersleri boýunça okuw gollanmalaryny taýýarlaýarlar.

         Şonuň bilen birlikde talyplary ylmy döredijilige çekmeklik kafedranyň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Halkara hukugy hünärinde okaýan talyplar her ýylda Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça geçirilýän F.Martens adyndaky halkara bäsleşigine gatnaşýarlar. Olar Belarus Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Akademiýasynyň «Täze gözýetim» atly halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. 

HALKARA GATNAŞYKLARY WE DIPLOMATIÝA KAFEDRASY

         Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynda dünýä ülňülerine gabat gelýän okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda geljekki diplomatlara “Türkmenistanyň  bitaraplyk syýasatynyň esaslary”, “Halkara gatnaşyklarynyň nazaryýeti”, “Türkmenistanyň daşary-syýasy başlangyçlary”, “Diplomatik gullugyň esaslary”, “Diplomatik protokol”, “Diplomatik gepleşikler”, “Halkara guramalary” ýaly dersleri boýunça ýokary derejeli bilim berilýär.

         Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetiniň we amalyýetiniň möhüm meselelerini çuňňur öwrenmek kafedranyň ylmy-barlag işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kafedrada taýýarlanylan degişli okuw kitaplary we gollanmalar döwlet Baştutanymyzyň täzeçil halkara başlangyçlarynyň has çuňňur öwrenilmeginde we talyplarda seljeriş we ylmy-barlag işiniň endiklerini terbiýelemeklige uly ýardam berýär. Kafedranyň mugallymlary dünýäniň abraýly diplomatik akademiýalarynda öz hünärlerini kämilleşdirmek üçin birnäçe okuw saparlarynda boldular. Geljekde kafedranyň professor-mugallymlarynyň öňünde ýurdumyzyň  diplomatik gullugy üçin işgärleri taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamyny döretmek, daşary syýasat we halkara gatnaşyklary çäginde hereket edýän döwlet gurluşlaryny ýokary hünärli bilermenler bilen üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň we häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň düýpli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak ýaly wezipeler durýar.

         Kafedranyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory Amangeldi Rahmanow tarapyndan talyplar üçin «Diplomatik gullugyň esaslary», «Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy» atly okuw kitaplary neşir edildi. Kafedranyň mugallymlary «Türkmen diplomatiýasy» atly uly göwrümli ylmy işiň üstünde işleýärler. Diplomatik gullugyň weterany ­ Türkmenistanyň BMG-däki ilkinji hemişelik wekili, Hytaý Halk Respublikasyndaky we Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bolup işlän Amangeldi Rahmanow ýaşlara halypalyk edýär. 

HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY KAFEDRASY

         Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy institutyň düzüminde hereket edýän ýöriteleşdirilen kafedralaryň biridir. Bu kafedrada taýýarlanýan degişli hünäriň  zerurlygy Türkmenistanyň Garaşsyz  döwlet  bolmagy,  daşary  ykdysady  gatnaşyklaryň  giňden  ýaýbaňlanmagy, bilelikdäki we daşary ýurt maýa goýumly  kärhanalaryň emele gelmegi, kärhanalarda, ministrliklerde ýörite daşary ykdysady bölümleriň döredilmegi bilen baglylykda bu işlerde ýörite ýokary bilimli hünärmenleriň işlemek zerurlygy bilen şertlendirilendir. Kafedranyň öňünde duran esasy wezipe – ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýokary bilimli halkara-ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

         Kafedranyň düzüminde 8 sany mugallym özleriniň zähmet ýoluny dowam etdirýärler. Olar okuw-terbiýeçilik işlerinden daşary, «Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklarda» diýen ylmy temanyň üstünde işleýärler. Olar dürli ugurlar boýunça ylmy-amaly maslahatlarda, gazet-žurnallarda,  teleradioýaýlymlarda çykyş edýärler, okuw gollanmalaryny taýýarlaýarlar, talyplar hem ylmy işe höweslendirilýär. Kafedranyň ýanynda talyplaryň «Halkara ykdysatçy» atly ylmy gurnagy hereket edýär. Kafedra degişli dersler interaktiw-multimediýa enjamlary bilen abzallaşdyrylan ýöriteleşdirilen otaglarda geçilýär. 

         Kafedranyň mugallymlary ykdysadyýet, ýokary matematika, ekologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça talyplary ders bäsleşiklerine taýýarlap, yzygider baýrakly orunlary eýeleýärler. 

ŽURNALISTIKANYŇ NAZARYÝETI WE AMALYÝETI KAFEDRASY

         Halkara žurnalistikasy hünäri ýurdumyzda täze açylan hünärdir. Bu hünärmenler geljekde ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda işlemek bilen berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň medeniýetini dünýä ýaýjak hünärmenler bolmalydyrlar. Bu hünäre talyplyga seçilip alnanda olaryň döredijilik ukyplaryna aýratyn üns berilýär.

         Bu kafedranyň mugallymlary Türkmenistanyň abraýly redaksiýalarynda işleýän žurnalistleriň hataryndan alnan hünärmenlerdir. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan esas goýujy derslerden leksiýalaryň tapgyry işlenilip düzüldi. Institutymyzyň ýolbaşçylarynyň başlangyjy bilen halkara žurnalistikasy hünärinde okaýan talyplaryň ählisi, geljekki hünäri bilen içgin tanyşdyrylmak maksady bilen öňdebaryjy gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna berkidildi. Bu hünäriň talyplary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara habarlar müdirliginde, merkezi metbugat neşirleriniň redaksiýalarynda we beýleki döredijilik edaralarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Kafedra tarapyndan «Ýaş žurnalist» gurnagynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy. Kafedranyň mugallymlary öz ugrundan okadýan dersleri boýunça okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlaýarlar.

         Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyplary üçin okuw studiýasy olaryň institutda alýan nazary bilimleriniň esasynda amaly endiklerini ösdürmek, esasan-da olara teleýaýlymyň döredijilik iş usullaryny öwretmek, gepleşikleriň ýazga geçirilişini, söhbetdeşlikleriň guralyşyny we ýazgylaryň timarlanyşyny, ses, saz, şekil bezegleriniň ýerine ýetirilişini öwretmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde ýurdumyzyň durmuşy we halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça okuw gepleşikleri «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan yzygider ýazgy edilýär. Bu hünäriň talyplaryna döwrüň ösen enjamlary arkaly bilim bermäge niýetlenen okuw otaglary, hususan-da wideo/audio reportažlary taýýarlamagy; kompýuter grafikasyny we fotoreportažy; habarlary taýýarlamagy, audio/wideotimarlaýşy öwredýän ýöriteleşdirilen okuw otaglary, kiçi çaphana we internet otagy hem bar. Talyplar türkmen we daşary ýurt dillerinde dürli temalar boýunça söhbetdeşlikleri guramagy we alyp barmagy öwrenýärler. Metbugat-konferensiýalary merkezi, web-saýtlary taýýar-lamagy we redaktirlemegi öwredýän otaglar hem talyplaryň hyzmatynda.

         Kafedranyň mugallymlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi, žurnalistleri taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmak we täze tehnolo-giýalar döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça Beýik Biritaniýada, Gyrgyzystanda, Russiýada, Ukrainada,  Türkiýede geçirilen seminarlara gatnaşdylar. Halkara guramalarynyň hem-de halkara gatnaşyklary ugrundan abraýly ýokary okuw mekdepleriniň Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň, şeýle hem halkara habarlar agentlikleriniň hünärmenleri talyplaryň öňünde dürli temalardan leksiýalary, seminarlary guraýarlar. 

DÜNÝÄ DILLERI KAFEDRASY

         Daşary ýurt dillerini bilmeýän halkaraçy hünärmeni göz öňüne getirmek mümkin däl. Şu gün daşary syýasat ugrunyň hünärmenlerinden, azyndan 2 ýa-da 3 daşary ýurt dilini bilmek talap edilýär. Mugallymlaryň işläp düzen iş meýilnamasyna laýyklykda I-II ýyl talyplary daşary ýurt dillerini umumy dil taýýarlygy esasynda öwrenýärler, III-V ýyl talyplara bolsa dil bilimi talyplaryň öz hünär aýratynlygyna laýyklykda öwredilýär. Bu bolsa geljekki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň hiliniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär. Esasy daşary ýurt dili hökmünde rus, iňlis we nemes dilleri öwredilýär, arap, hytaý, pars we fransuz dilleriniň islendik biri ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenmek üçin  hödürlenýär.

         Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmeklik lingafon we sinhron terjime okuw otaglarynda kompýuterleriň, audio we interaktiw enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ýöriteleşdirilen otaglardaky guralýan sapaklaryň esasy maksady talyplaryň diňläp düşünmeklige, sözleýiş we dürs ýazuw ukyplaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Geljekki diplomatlaryň hünär aýratynlyklaryny nazarda tutup, olara halkara derejesindäki geçiriljek gepleşiklerde, maslahatlarda zerur bolan söz baýlygyny artdyrmak we terjimäniň inçe tilsimlerini öwretmek üçin bu otaglarda zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

         Kafedrada «Türkmen we iňlis dillerinde diplomatik adalgalar», «Hukuk adalgalaryny öwretmegiň usullary» diýen temalardan kandidatlyk dissertasiýalary taýýarlanylýar. Kafedranyň mugallymlary ABŞ-da, Hindistanda, Malaýziýada, Pakistanda, Koreýa Respublikasynda, Niderlandlar patyşalygynda, Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda hünär we dil kämilleşdiriş okuwlarynda boldular. 

JEMGYÝETI ÖWRENIŞ YLYMLARY KAFEDRASY

         Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary talyplara Türkmenistanyň taryhy, filosofiýa, sosiologiýa, syýasaty öwreniş, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň taryhy, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhy, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň daşary syýasaty, psihologiýa, syýasy psihologiýa, dünýä dinleriniň taryhy we beýleki dersleri öwredýärler. Kafedranyň mugallymlary ýurdumyzyň durmuş-ynsanperwer ylmynyň wekilleri bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeşlikleri ýola goýýarlar we özleriniň bilim derejesini ýokarlandyrýarlar, durmuş-ynsanperwer binýadyny berkidýärler.

         Kafedranyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar geçmişde dünýäniň dürli sebitinde gurlan türkmen döwletleriniň goňşy döwletler bilen diplomatik, söwda-ykdysady, harby-syýasy gatnaşyklarynyň taryhy barada ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Şol işleriň netijesi boýunça talyplaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda yglan eden ylmy bäsleşiginde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Kafedranyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synplary üçin Dünýä taryhy dersinden maksatnamasy düzüldi, olar boýunça okuw kitaplary neşir edildi.

         Kafedranyň mugallymlary talyplary Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça döwlet bäsleşiklerine taýýarlaýarlar. Mugallymlar ýurdumyzda geçirilýän Halkara ylmy maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Olar Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede, Hytaýda, Koreýa Respublikasynda, Malaýziýada okuw we iş saparlarynda boldular.

 

 

Duşenbe, ýanwar 16, 2017