2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak institutyň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar. 

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binalar toplumyny gurmak barada Karara gol çekdi. Bu binalar toplumyny Fransiýanyň «Buig Batiman Internasional» kompaniýasy gurdy. Ol 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.  

Bu binalar toplumyna institutyň baş binasy, okuw binasy, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýy hem-de sport toplumy girýär. Institutyň baş binasy 3 gatdan ybarat bolup, ol rektoratdan hem-de birbada 250 talyba bilim bermäge niýetlenen okuw otaglaryndan ybaratdyr. Binanyň aşaky gatynda arhiw, lukmançylyk otagy, inžener-tehniki gulluklaryň otagy, köpeldiji merkez ýerleşýär. 1-nji gatda Galkynyş otagy, işgärler bölümi, talyplar bölümi, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň iş otaglary, muzeý, nemes dili kitaphanasy ýerleşendir. Bu gatda 500 adama niýetlenen uly mejlisler zaly, 100 adamlyk gepleşikler otagy hem-de 200 adamlyk kiçi mejlisler zaly ýerleşýär. Baş binanyň günbatar tarapynda ýerleşen okuw binasy Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Binanyň aşaky gatynda arhiw, tennis zaly, naharhana bar.

Institutyň baş binasyny bezeýän iki sany suw çüwdürimi, owadan ýanýodalar, baglar we ýaşyl zolaklar binalar toplumyna ajaýyp gözellik berýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binalar toplumy paýtagtymyzyň merkeziniň binagärlik keşbine özboluşly görk berýär. Ol hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň kemala gelýändiginiň we berkeýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Institutyň salgysy:

744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi, 25

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (99312) 226963

faks: (99312) 226963 

е-mail: Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її.

KITAPHANA

Döwrüň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we 12 müňe ýakyn kitap gory bolan kitaphana institutyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň hyzmatynda. Kitaphananyň kitap gory Bilim ministrligi, «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan neşir edilýän kitaplaryň hasabyna yzygiderli ýetirilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Adalat ministrligi institutda okadylýan hünärleriň talyplary üçin gymmatly maglumat çeşmesi boljak kitaplaryň ençemesini sowgat berdiler. BMG-niň dürli agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalary halkara gatnaşyklarynyň meselelerine bagyşlanan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy adam hukuklary, hal-kara žurnalistikasy we beýleki ugurlar boýunça zerur edebiýatlary kitaphana berdiler. Instituta gelen dürli döwletleriň Ilçileriniň beren kitap sowgatlary hem kitap gaznamyzyň üstüni ýetirýär. 

 

Kitaphanada okuw meýilnamasy boýunça okadylýan ähli dersler boýunça umumy sapaklarynyň beýanlary jiltlenen görnüşde we elektron göterijide ýerleşdirilendir. Talyplara Bilim ministrligi tarapyndan neşir edilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň elektron nusgasyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň neşir eden kitaplary kitaphananyň iň görnükli ýerinde goýuldy. Kitaphanada ýurdumyzda neşir edilýän döwürleýin neşirler okyjylaryň hyzma-tynda. Kitaphana kompýuterler bilen doly enjamlaş-dyrylyp, talyplara olardan peýdalanmaga mümkinçilik döredilendir. Institutyň kitaphanasyny elektron göterijä geçirmek, elektron kataloglary düzmek, elektron resminamalaýyn dolandyryş usullaryny kitaphananyň durmuşyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

NEMES DILI KITAPHANASY

Talyplaryň nemes dilini çuňňur öwrenmeklerine ýardam bermek üçin 2010-njy ýylyň maý  aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasynyň we RWE kompaniýasynyň ýardam bermeginde nemes dili kitaphanasy açyldy. Kitaphana iki sany ýöriteleşdirilen okalga otaglaryndan ybaratdyr. Olaryň hersi kompýuterler bilen üpjün edilendir. Dürli okuw, çeper kitaplar, okuw sözlükleri, audio-wideodiskler nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge ýardam berýär. Esasy okuw kitaplary «Schritte International», «Lagune», «Tangramm-Deutsch als Fremdsprache», goşmaça gönükmeli kitaplar, ýörite diktant depderçeleri, wideoşekilli diskler nemes dili sapaklaryny netijeli geçmäge ýardam berýär. 

Germaniýa döwletiniň taryhy, medeniýeti, ykdysadyýeti bilen tanyşmak, okap öwrenmek üçin hem ýörite kitaplar, dap-dessurlary, baýramçylyklary bilen tanyşdyrýan diskler  hem kitaphanada ýerleşdirilendir. Talyplar bu kitaphanada öz bilimlerini artdyryp, tehniki serişdelerini ulanyp, özleri üçin gerekli maglumatlary alyp bilýärler.

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHY MUZEÝI

Institutyň baş binasynyň birinji gatynda türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi ýerleşýär. Institutyň muzeýi taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyrylandyr. Hususan-da, onuň tekjelerinde diplomatik resminamalaryň görnüşleri – Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdary Atsyzyň Bagdat halyfy Muktefi Liemrillä çäksiz hormatyny bildirip ýazan haty, Mustanjyt Billäni halyflyk tagtyna geçmegi bilen gutlap ýazan haty, Şirwanylar döwletiniň wezirine nesihat hökmünde ýazan hatynyň göçürme nusgalary saklanylýar.

Muzeýde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakyndaky» Permanlarynyň we Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryna we talyplaryna iberen gutlagynyň göçürmeleri saklanylýar. Muzeýde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi baradaky maglumatlar bar.

Muzeýiň diwarlary Oguz han eýýamyny, Altyndepe şäher döwletini, Gadymy Marguşy, Gadymy Parfiýa döwletini, Beýik Seljuk Türkmen döwletini, Köneürgenç Türkmen döwletini ýatladýan suratly maglumatlar bilen bezelen. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara resmi, döwlet, iş saparlary wagtynda döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen geçiren ýokary derejedäki duşuşyklaryndan pursatlar muzeýiň görküni bezeýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri we kitaplary, hormatly atlary we diplomlary barada maglumatlar, suratlar bilen bezelen diwarlyklar bu ýere aýratyn öwüşgin çaýýar. Muzeýde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen bagly çykyşlary, «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň sanlary we birnäçe halkara žurnallary hem ýerleşdirilendir.

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

Institutda giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy hem alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Horwatiýa Respublikasyna resmi döwlet sapary mahalynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary instituty bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda Teswirnama gol çekildi.  Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 28-nji fewraly – 2-nji marty aralygynda Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň barşynda bolsa özara düşünişmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň arasynda Ähtnama, 2012-nji ýylyň 9–10-njy oktýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasyna sapary mahalynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ženewanyň howpsuzlyk syýasaty merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 2013-nji ýylda Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hem özara düşünişmeklik baradaky Memoranduma gol çekildi. 2014-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiki akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, 2015-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa instituty bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, 2015-nji ýylyň 10-njy iýulynda Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomatik gullugy instituty bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama, 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda bolsa Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň düzüminde institutyň mugallymlary we talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «EKSPO-2010» sergisiniň açylyş dabarasyna, Hytaýa 2012, 2014-nji ýyllarda bolan döwlet saparlaryna, Türkiýä 2012-nji ýylda bolan döwlet saparlaryna gatnaşdylar. Institutyň talyplary hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasyna, Moldowa Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Ýaponiýa döwletine resmi saparlary mahalynda onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň düzüminde boldular.

Germaniýanyň Bremen uniwersitetiniň, Londonyň Metropoliten uniwersitetiniň, Polşanyň halkara gatnaşyklary institutynyň, Bolgariýadaky amerikan uniwersitetiniň, Wenanyň diplomatiki Akademiýasynyň, ABŞ-nyň Boston,  Ogaýo uniwersitetleriniň, Kolumbiýa uniwersitetiniň Garriman adyndaky institutynyň, Moskwanyň halkara gatnaşyklary döwlet institutynyň (uniwersitetiniň), halkara gatnaşyklary boýunça dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Gyzyl Haç halkara komitetiniň wekilleri talyplaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş etdiler.

2014-nji ýylyň noýabrynda institutda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hormatly myhman boldy.  Belent mertebeli myhmana Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormatly pгоfessory alymlyk ady dakyldy.

Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilende, 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli institumyzda halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dilindäki edebiýatlaryň kitaphanasynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu kitaphana institutymyzyň talyplarynyň öz hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaga ýardam berer.

Institutyň mugallymlary öz hünär ugurlary boýunça hem-de halkara bilim maksatnamalarynyň çäginde Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Türkiýede, Pakistanda, Bolgariýada, Polşada, Daniýada, Günorta Koreýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Malaýziýada, Hindistanda, Saud Arabystany Patyşalygynda, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstriýada, Fransiýada, Belgiýada, Niderlandlar patyşalygynda iş we okuw saparlarynda boldular.

TALYP DURMUŞY

 

Institutda talyplaryň oku-wyny we sapakdan daşary işlerini, durmuşyny we dynç alşyny guramak üçin zerur şertleriň ählisi döredilendir.In the Institute all necessary conditions have been created for students' study and leisure as well as for arranging various activities after classes.

Talyplar okuwdan boş wagt-lary edebi-çeper, ylmy döredijilik bilen meşgullan-ýarlar hem-de belli žurnalistlar, ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygyny gurna-ýarlar. Institutda talyplaryň aýdym-saz we tans topary hereket edýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärele-rinde çykyş  edýär. Talyp oglanlardan düzülen dutarçylar topary halk aýdym-sazlaryny öwrenip, institutda geçirilýän medeni çärelerde köpçüligiň göwnünden turýarlar. Institutyň talyplary ýokary okuw mekdep-leriniň arasynda geçirilýän «Talyp joşguny» bäsleşiginde işjeň çykyş edýärler.

Mundan başga-da, institutda ähli hünärler boýunça gurnaklar hereket edýär. Talyplar gurnaklara gatnaşyp öz hünärleri bilen baglanyşykly gyzyklanýan ugurlary boýunça ylmy-döredijilik işleri bilen meşgul-lanýarlar. Bu gurnaklaryň çäginde talyplar ylmy döre-dijilik işleri bilen bir hatarda dürli görnüşli okuw terbiýeçilik çerelerini hem gurnaýarlar. Bu çäreler olaryň arasynda ylmyň dürli ugurlary boýunça bäsleşik-leri geçirmek arkaly gurnalýar. 

TALYPLARYŇ   UMUMY ÝAŞAÝYŞ   JAÝY

248 talyba niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Ol howany ýyladyş we sowadyş ulgamy, aşhana, kir ýuwulýan otaglar bilen üpjün edilendir.

“Galkynyş” otagynda talyplara hormatly Prezidentimiziň kitaplary, döwürleýin neşirler, halkara wakalary bilen içgin tanyşmaga zerur şertler döredilendir.

BEDENTERBIÝE WE SPORT

Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir.  Okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy bolsa talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna, dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 300 adama niýetlenen ýapyk sport zaly, 30 adama niýetlenen türgenleşik zaly, küşt otaglary bar.

 

Institutyň «Älem» talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşikle-rine taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygider geçirilýär. Talyplaryň Saglyk ýolu-na ýörişi ýygy-ýygydan guralýar. Sporta höwesli ýaşlardan düzülen woleýbol, futbol toparlary beýleki ýokary okuw mekdepleriniň toparlary bilen yzygider ýaryşýarlar. Talyplar «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar.

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017