2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, şuňa meňzeş, çapraz häsiýetli we öz mazmuny boýunça garşylykly maglumatlaryň hiç bir esasynyň ýokdugyny mälim edýär.

Hakykatdan hem, 1997-nji ýylyň dekabryndan başlap, gazy aluw-satuw şertnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähli şertlerini berjaý edip, Türkmenistan Eýrana gazyň iberilmegini amala aşyrýar.

Şunuň bilen bir wagtda, gynansakda, Eýranyň milli gaz kompaniýasy 2013-nji ýyldan başlap, Eýran Yslam Respublikasyna ozal iberilen türkmen tebigy gazy üçin bergisini üzmek boýunça zerur tagallalary ýerine ýetirmeýär. Munuň netijesinde eýran tarapynyň ep-esli bergisi emele gelip, uzakmöhletleýin şertnama esasynda Eýrana gazyň eltilmegine ugrukdyrylan, Türkmenistanyň gaz daşaýjy infrastrukturasynyň üznüksiz tertipde işlemegine maliýe kynçylyklyklar päsgelçilik döredýär.

2016-njy ýylyň dowamynda eýran tarapynyň gaz üpjünçiliginde emele gelen ýaramaz ýagdaý we türkmen tebigy gazynyň iberilmeginde mümkin bolan çäklendirme barada resmi taýdan ençeme gezek habardar edildi. Şol bir wagtda, öz-özüni dolandyrmak we maliýeleşdirmek ýörelgeleri esasynda işleýän  «Türkmengaz» Döwlet konsernine degişli bolan pul serişdeleriniň tölenmeginde döreýän bökdençlikler, gaz burawlarynda, kompressor beketlerinde,  arassalaýjy desgalarynda we Eýrana tebigy gazyň iberilmegi üçin ulanylýan Türkmenistanyň gaz ulgamynyň beýleki gurluşlaryndaky işiň tehniki taýdan togtadylmagyna getirip biler.   

Şol bir wagtda, türkmen tarapy emele gelen meseleleriň işjeň ýagdaýda çözülmegine gönükdirilen teklipleriň ençemesini berdi. 

Emma, Türkmenistanyň konstruktiw başlangyçlaryna Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň oňyn seslenmesiniň ýoklugy, arkalaşykly çözgütleriň görnüşlerini agtarmakda oňun haýallygy, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrana türkmen tebigy gazynyň akdyrylmagynyň alaçsyz çäklendirilmegine getirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýokarda agzalanlary beýan edip, bu meseläniň syýasylaşdyrylmagyna degişli her bir synanyşygyň aslyna garamazdan, olaryň Türkmenistana dostlukly bolmadyk hereketler hökmünde hasap ediljekdigini we türkmen tarapyndan dessine puja çykaryljakdygyny nygtaýar.  

 

Türkmenistanyň DIM-niň

           Metbugat gullugy

Duşenbe, ýanwar 16, 2017

BAŞGA MAKALALAR DIM-iň habarlary

  • Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi +

    2014-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Dowamyny okamak
  • Minskde Belarusyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi +

    2015-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Türkmenistanyň we Belarusyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň ECOSOC-ň üç sany komissiýalarynyň düzümine saýlanmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi +

    2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Türkmenistan we Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň we Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy +

    2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň döwlet edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen iş sapary Dowamyny okamak
  • Türkmenistandaky ÝHHG-niň çärelerinde korrupsiýa garşy göreş tejribesine seredildi +

    2015-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan Türkmenistanyň korrupsiýa garşy ulgamyny ösdürmek barada «tegelek stoluň» başyndaky maslahatlaşmalar geçirildi. Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň DIM-nde Russiýa Federasiýanyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi +

    2016-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýanyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň Wýetnamdaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy +

    2016-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç.Rüstemowa (oturýan ýeri Pekin şäheri) Wýetnam Dowamyny okamak
  • Daşkentde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi +

    2015-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýei Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary +

    2016-njy ýylyň  29-njy awgustynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady. Dowamyny okamak
  • Aşgabatda türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi +

    2014-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Dowamyny okamak
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
  • 47
  • 48
  • 49
  • 50
  • 51
  • 52
  • 53
  • 54
  • 55
  • 56
  • 57
  • 58
  • 59
  • 60
  • 61
  • 62
  • 63
  • 64
  • 65
  • 66
  • 67
  • 68
  • 69
  • 70
  • 71
  • 72
  • 73
  • 74
  • 75
  • 76
  • 77
  • 78
  • 79
  • 80
  • 81
  • 82
  • 83
  • 84
  • 85
  • 86
  • 87
  • 88
  • 89
  • 90
  • 91
  • 92
  • 93
  • 94
  • 95
  • 96
  • 97
  • 98
  • 99
  • 100
  • 101
  • 102
  • 103
  • 104
  • 105
  • 106
  • 107
  • 108
  • 109
  • 110
  • 111
  • 112
  • 113
  • 114
  • 115
  • 116
  • 117
  • 118
  • 119