2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär.

EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. 

Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgünleriniň bozulmagy baradaky tassyklama hakykata laýyk gelmeýar.

Hakykatda, Eýrany tebigy türkmen gazy bilen üpjün etmek hakyndaky şertnamanyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda EMGK tarapyndan öz üstüne alynan borçlarynyň ençeme gezek ýerine ýetirilmändigi bellenilipdi. Hususanda, Şertnamanyň esasy ýörelgeleriniň biri «take or pay» - «al ýa-da töle» bolup durýandygyna garamazdan, Eýranyň milli gaz kompaniýasy birnäçe ýyllaryň dowamynda şertlendirilen gazyň esli möçberiniň alynmagyny üpjün etmedi. Şol bir wagtda, Kompaniýa türkmen tarapyna hiç hili maliýe öwez töleglerini üpjün etmedi.

EMGK-niň geçirilen «köpsagatlyk netijesiz gepleşikler» baradaky birtaraplaýyn beýannamalary delilsiz we esassyz bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Eýranyň nebit ministrliginiň we EMGK-niň wekilleri bilen yzygiderli esasda gepleşikleriň geçirilendigini bellemelidir. Bu ugurda türkmen tarapy diňe bir uzakmöhletleýin Şertnama boýunça gazyň iberilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine gönükdirilen anyk teklipler bilen çäklenmän, gaz pudagyndaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge degişli teklipler bilen hem çykyş etdi. Türkmen tarapynyň bu konstruktiw çemeleşmeleri esasynda gaz ulgamyndaky Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeleri gazanmaga mümkinçilikler döredi.

Kompaniýanyň «iki kompaniýalaryň arasyndaky hukuk jedeline  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatyşmagy Şertnamanyň bozulmagy» diýen belligi nädogry maglumatyň nusgasy bolup durýar.

Bu ýagdaýda kadanyň bozulmagy hiç bir düzgün boýunça esaslandyrylyp bilinmeýär. Sebäbi şuňa meňzeş meseleler söwda şertnamalarynda ýa-da ylalaşyklarynda bellenilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, hemmelere mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň daşary syýasat edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurduň bähbitlerini (şol sanda ykdysady), onuň raýatlarynyň we ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny goramak bolup durýar. Ýokarda agzalan meseläni şöhlelendirmekde Türkmenistanyň DIM-niň işjeňligini hut şu nukdaýnazardan düşünmeli.

  

Türkmenistanyň DIM-niň

Metbugat gullugy

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017

BAŞGA MAKALALAR DIM-iň habarlary

  • Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş Sekretary bilen duşuşdy +

    2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş Sekretary Lamberto Zanýer bilen Dowamyny okamak
  • Türkmenistan we Şwesiýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar +

    2015-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Stokgolm Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Palestinanyň ilçisi bilen geçirilen duşuşyk +

    2014-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Palestinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Abdulla Tarşahani Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Dowamyny okamak
  • Awstraliýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy +

    2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ynanç hatynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Dowamyny okamak
  • «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiň çarçuwasynda hyzmatdaşlyk +

    2015-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) bilelikdäki komitetiň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin ÝB-niň Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň we Filippinleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 20 ýyllygy +

    Bu gün türkmen-filippinler gatnaşyklarynyň taryhynda şanly sene bellenilýär – 1993-nji ýylda, 20 ýyl mundan öň, Türkmenistan we Filippinler Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryny Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk +

    2014-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Giorgi Dowamyny okamak
  • Türkmenistanyň DIM-de Yragyň Ilçisi bilen duşuşyk +

    2014-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän Dowamyny okamak
  • Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy +

    2016-njy ýylyň 17-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynda «Wahdat» köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň Dowamyny okamak
  • Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk +

    2015-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň başlygy j-p Dowamyny okamak
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
  • 47
  • 48
  • 49
  • 50
  • 51
  • 52
  • 53
  • 54
  • 55
  • 56
  • 57
  • 58
  • 59
  • 60
  • 61
  • 62
  • 63
  • 64
  • 65
  • 66
  • 67
  • 68
  • 69
  • 70
  • 71
  • 72
  • 73
  • 74
  • 75
  • 76
  • 77
  • 78
  • 79
  • 80
  • 81
  • 82
  • 83
  • 84
  • 85
  • 86
  • 87
  • 88
  • 89
  • 90
  • 91
  • 92
  • 93
  • 94
  • 95
  • 96
  • 97
  • 98
  • 99
  • 100
  • 101
  • 102
  • 103
  • 104
  • 105
  • 106
  • 107
  • 108
  • 109
  • 110
  • 111
  • 112
  • 113
  • 114
  • 115
  • 116
  • 117
  • 118
  • 119
  • 120