2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

PRESS-RELIZ

        Şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, güýçli ýer titremede ejir çeken doganlyk owgan halkyna ilkinji kömegi bermek maksady bilen üstüne gurluşyk serişdeleri we iýmit önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni Owganystana ugradyldy.       

Dowamy...

PRESS-RELIZ

Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilýeti iş sapary bilen Polşa Respublikasynda boldy. Ol ýerde ol Warşawa şäherinde bolan adam ölçeglerii boýunça ÝHHG-niň her ýylky maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda adam ölçegi babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri, demokratiki institutlaryň ösdürülmegi, çydamsyzlygyň we hukuk kemsildilmeleriniň dürli görnüşleri, gender deňliginiň meseleleri, adam söwdasyna garşy hereketler, migrasiýa, adam hukuklary, bilim ugrunda bilelikdäki taslamalar we ş.m. ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dowamy...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habary

2015-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň ikinji üç taraplaýyn duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň resminamasy hökmünde gün tertibiniň 19, 21 (b) we 123-nji bentleri boýunça  Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dillerinde çap edildi.

Dowamy...

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017