Täze «Ýüpek ýoly» kottedj şäherçesi

Täze «Ýüpek ýoly» kottedj şäherçesi »

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Ýüpek ýoly» kotedj şäherçesi – bu halkara standartyna laýyk gelýän ýokary hilli myhmanhanalar toplumy bolup, bu ýerde rahat hem-de talaba laýyk dynç almak, dürli görnüşli çäreleri, iş maslahatlaryny we duşuşyklaryny geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Myhmanhana toplumynyň dört gektar meýdanynda birbada 160 adamy kabul etmäge niýetlenen iki orunlyk 40 sany hem-de dört orunlyk 20 sany iki görnüşli 10 sany iki gatly kotedjler ýerleşendir.

Talaba laýyk dynç almak hem-de boş wagtlaryny işjeň geçirmekleri üçin zerur bolan şertleriň ählisi, ýagny çagalar we ulular üçin açyk hem-de ýapyk suw howuzlary, futbol we wolleýbol meýdançalary, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen SPA merkezi, türk hammamy, fin saunasy, jakuzi, fitnes-zaly, massaž hem-de kosmetiki otaglar, bilýard, bouling meýdançalary, oýun awtomatlary, dellekhana we lukman otagy myhmanlaryň ygtyýaryndadyr.

«Ýüpek ýoly» myhmanhana toplumynda birbada 130 adamy kabul etmek üçin niýetlenen barlar we naharhana bolup, dynç alýanlar bu ýerde türkmen milli naharlaryndan dadyp, beýleki ýurtlaryň tagamlaryndan, süýjüliklerden we içgilerden hem lezzet alyp bilerler.

«Ýüpek ýoly» myhmanhana toplumyna hoş geldiňiz!

«Ýüpek ýoly» toplumy bilen habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800 243 7 06 20/ 21/ 22/ 23/

Duşenbe, ýanwar 16, 2017