2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy bellenildi

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Astrahanyň Döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna hem-de 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegine bagyşlanan Halkara talyplar maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy we Astrahanyň Döwlet tehniki uniwersiteti bilelikde gurnadylar.

Dowamy...

Rumyniýada Türkmenistanyň sergisi açyldy

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Sibiu şäherindäki Brukintal milli muzeýinde ýurdumyzyň Ilçihanasy tarapyndan agzalan muzeý bilen bileleikde gurnalan Türkmenistanyň sergisiniň resmi açylyşy geçirildi. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna”bagyşlanandyr.

Dowamy...

Duşenbe, ýanwar 16, 2017