2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Bilim

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2011–2030-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň milli maksatnamasy, 2015–2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler bolup durýar.

2015–2016-njy okuw ýylynyň başynda Türkmenistanda 1834 sany orta mekdep hereket edýärdi we bu görkeziji 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim köpdür. 2015-nji ýylda mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň sany bolsa 1045-e deňdir. Bu bolsa 2011-nji ýyldakydan 22,5 göterim köpdür. 

Ýokary okuw jaýlary barada aýdylanda bolsa, diňe 2015-nji ýylda ýaşlaryň 15 müňden gowragy talyp boldy we 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 896 sany talyp artdy. Ýurdumyzda jemi 24 sanyýokary okuw jaýlary hereket edýär. 2015-nji ýylda orta hünär okuw mekdepleriniň sany 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 56 göterim artdy. Ýöriteleşdirilen başlangyç hünär okuw mekdepleriň sany awtomekdepleri goşmazdan 62-ä deňdir.  42 sany ýörite orta hünär okuw mekdepleri we tehnikumlar hereket edýär.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017