2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Umumy maglumatlar

 

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 140 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen (2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň özygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.

Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir. 

Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýetini (Parlamenti) amala aşyrýar. Ol ýerli saýlaw etraplary boýunça 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ählumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

MEÝDANY

Türkmenistan  – Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär.

ILATY

Türkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrakdyr. Türkmenistan — köpmilletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri ýaşaýarlar.

DÖWLET DILI

Türkmen dili—döwlet dili bolup durýar. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başgada, ýörite orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.

PUL BIRLIGI

Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar. Häzirki wagtda milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta bolan gatnaşygy: 3,50 manat = ABŞ-nyň 1 dollary.

“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul  edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, 2012-2016-njy ýyllar üçin niýetlenen ýörite döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň maliýe edaralary tarapyndan birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiziň ilatyna “Visa”: ”Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс”, “Visa Gold”, hukuk görnüşli taraplara bolsa “Visa Business” ýaly kart görnüşleriniň hyzmatlary edilýär. Söwda ulgamynda nagtdäl hasaplaşyklary ýola goýmak boýunça halkara töleg ulgamlary, hususan-da, “MasterСard” boýunça töleg geçirmegi ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirildi.

ADMINISTRATIW-TERRITORIAL GURLUŞY

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine alty etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Arçabil,Abadan we Ruhabat etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 50 etrap, 8 şäherlerdäki etraplar, 24 şäherler, 76 şäherçe, 553 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1903 sany oba ilatly ýerlerdir.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝRAMÇYLYKLARY WE MATAM GÜNLERI

Döwletiň esasy döwlet we milli baýramçylyklary :

Täze ýyl — 1-nji ýanwar,

Döwlet Baýdagynyň güni — 19-njy fewral,

Halkara zenanlar güni — 8-nji mart,

Milli bahar baýramy (Nowruz) — 21-22-nji mart,

Ýeňiş güni — 9-njy maý,

Konstitusiýa güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni — 18-nji maý,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni — 27-28-nji oktýabr,

Türkmenistanyň milli baýramy — Bitaraplyk güni — 12-nji dekabr.

Her ýyl bellenilip geçilýän Gurban baýramynyň we Oraza baýramynyň seneleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
              Matam günleri:
 

Milli ýatlama güni — 6-njy oktýabr.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017