2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Saglygy goraýyş

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köpmaksatly ulgam derejesini berdi.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeläp, immunoprofilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilat üçin wajyp profilaktiki çäreleriň biri bolan Hib-waksina sanjymy geçirilip başlandy.

Türkmenistan «Saglyk» maksatnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyryp, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiýany durmuşa geçirip, keselleriň köp görnüşinden dolulygyna ýa-da bölekleýin azat boldy. Türkmenistan 2000-nji ýylda drakunkulýozy ýok edendigi üçin Bütindünýä saglyk guramasynyň sertifikatyna mynasyp boldy, 2002-nji ýylda ýabany poliwirusyň Türkmenistanyň çäginde ýok edilendigi üçin sertifikata mynasyp boldy, bu bolsa poliomelitiň dolulygyna ýok edilendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde birinji we dünýäde dördünji bolup nahar duzuny ýodlaşdyrdy we adamzadyň wajyp meseleleriniň biri bolan – ýod ýetmezçiligi ýok edilen ýurt hökmünde ykrar edildi hem-de 2004-nji ýylda bu barada Bütindünýä saglyk guramasynyň sertifikatyny aldy. Adam bedeninde demir ýetmezçiligi bilen bagly keselleriň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde azyk iýmitleri bolan uny we duzy demir bilen baýlaşdyrmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Enäni we çagany goramak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegidir. Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary dereje enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Bu we beýleki çäreler 1990-2008-nji ýyllar aralygynda bäbekleriň ölümini iki esse, eneleriň ölümini on esse azaltmaga mümkinçilik berdi. 

Gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly kesellere garşy göreşmek ep-esli güýçlendirildi. Ýurtda gyzzyrma keselini doly ýok etmek ýagdaýy tamamlanyp barýar, inçekesel bilen kesellänler gözegçilik etmekligiň taryhynda iň pes derejesi bellenildi. WIÇ infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak we ýol bermezlik boýunça üstünlikli halkara hyzmatdaşlyk etmekligiň netijesinde Türkmenistan WIÇ infeksiýasynyň we SPID-iň ýaýramadyk az sanly döwletleriň hatarynda dur.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017