2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Ylym

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli ylymda düýpgöter özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy gaýtadan dikeldildi,Ýokary Geňeşiň ylym we tehnika bölüminiň esasynda ylym we tehnika gaznasynyň düýbi tutuldy, Ýokary komitet ýörite ugurlar boýunça geňeş bilen bilelikde işleri alyp barýar.

 “Türkmenistanda 2012–2016-nji ýyllarda ylym ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasy”, ylmy işleri goramak baradaky döredilen geňeş, akademiki institutlaryň laboratoriýalarynda ylmy barlaglaryň toplumyny amala aşyrmaga ýardam berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, şol sanda fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki pudaklarda alnyp barylýan işleriň hemmesi ýurdumyzyň ylmy-tehniki potensialyny ösdürmäge ýardam edýär.

2015-nji ýylda ylmy edaralaryň sany 13 göterim, olarda işleýän ylmy işgärleriň sany bolsa 26 göterim artdy.

Şolaryň arasynda - türkmen paýtagtynda ylmy-barlag edaralaryny we okuw jaýlaryny birleşdirýän ýörite Tehnopark toplumy, beýleki obýektleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň düzümine girýän ylmy-barlag institutlaryna maddy-tehniki binýadyny berkitmäge degişli resminamalary, ylmy derejeleri we ylmy atlary dakmak hakyndaky çözgüt kabul edildi. 

Häzirki wagtda türkmen alymlarynyň ykdysady-guramaçylyk, agrosenagat toplumyny, oba hojalygynda ekin dolanyşygyny,we köp ugurly oba hojalyk senagatyny kämileşdirmegi, ylmy seleksiýa taýdan, gowaça sortlarynyň, bugdaý we beýleki ekinleriň köp hasylly bolmagy esasy maksady bolup durýar. Garagum çölünde gurlan “Altyn Asyr” türkmen kölüniň ekologiýa taýdan işläp taýýarlanylan kartasyndaky miweli baglaryň we genetiki gaznasynyň baýlaşmagyna uly üns berilýär.

Çarşenbe, ýanwar 25, 2017