2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Sport

Türkmenistanyň syýasatynda sportuň ösmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri üçin ähli amatlyklary bolan sport desgalarynyň we ýörite sport mekdepleriniň ençemesi guruldy we geljekde-de gurulmagy göz öňünde tutulýar. Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda şu günki günüň talaplaryna laýyk gelýän agyr atletika mekdepleri, paýtagtda bolsa häzirki zaman küşt-şaşka mekdebi guruldy. Welaýat merkezlerinde we Aşgabatda ýeňil atletika we welosiped sporty üçin desgalar hem gurular.

Tälimçileriň kämilleşmegi üçin olaryň dürli sport merkezlerinde taýýarlanmaklary ýola goýlandyr.Ýaryşlara ýurduň ýygyndy toparlary taýýarlanylýar. Munuň üçin dünýä belli tälimçileri çagyrylyp, olar bilen şertnama baglaşylmalydyr. Milletiň Lideri bu meselede ökde hünärmenler we ökde türgenler şertnama esasynda işläp bilerler diýip nygtap geçýär.

Ýaş nesli we janköýerleri sport ýaryşlaryna gyzyklandyrmak üçin hökmany ýagdaýda ylmyň we tehnikanyň sonky gazananlary bilen ýaryşlary gyzykly geçirmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň sportuň täze görnüşleri bolan hokkeý, küreklemek, buzda typmak, welosport we atçylyk sporty ýaly görnüşlerine höweslendirmek üçin halkara ýaryşlary ýygy-ýygydan geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Bedenterbiýäni ösdürmek, ilaty sporta we dynç almaga gyzyklandyrmak barada wagyz-nesihat işlerini giňden ýaýratmak Sport baradaky komitetiniň möhüm wezipeleriniň biridir. Hökümet Baştutany bu ugurda döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport desgalaryny işjeň işletmelidir diýip tabşyryk berdi. Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ýurdumyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmak we türkmen türgenleriniň baýrakly orunlary almaklary baradaky meselä esasy ünsi çekdi. Aşgabadyň Merkezi Aziýada bu Oýunlaryň birinji bolup geçirilmegine hukuk gazanandygyny belläp geçmelidiris.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Bu köp ugurly topluma 30-dan gowrak sport desgalary we şol sanda maýyplaryň sport toplumy we saglyk merkezi girýändir. Ilkiji nobatda, bu desgalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň 2 milliard dollarynyň harçlanjakdygyny aýtdy. Sportyň ýeňil we agyr atletika, basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi-futbol, erkin we klassyk göreş, taekwondo, halkara göreş, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, gimnastika, welosport (trek) we sportyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulýar. 

Bulardan başga-da, Aziýa boýunça Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine görä, ýapyk binalarda sportuň Olimpiýa oýunlaryna degişli bolmadyk sportuň görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçiriler. Şeýle hem sportuň kibersport, ekstremal görnüşleri, aerobika, ýapyk binalarda geçirmäge laýyk bolan ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça, sport tanslary, ýapyk binalardaky futbol (futzal), hokkeý, ýüzmek, billiard, bouling, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Anyk aýdylanda bolsa, oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça dünýäniň Aziýa sebitlerinden 45 döwletiň şeýle-de Awstraliýa we Okeaniýa döwletlerinden 17-den gatnaşarlar.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017