2016-njy ýyl - Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly

Syýahatçylyk

Durmuş syýasatynyň ýene bir esasy ösüşiniň biri syýahatçylyk, bu ýurdumyz üçin hem esasy meseleleriň biri bolup durýar. 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda Syýahatçylyk baradaky Döwlet komiteti döredildi.“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy täze döredilen aýratyn dolandyrylýan komitetiň düzümine girýär.

Halkara syýahatçylykdan girdeji almak täze döredilen syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň ilkinji wezipesi bolup durýar. Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ýol ugurlaryny açmak, hyzmat derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we netijeli mahabat işi wajyp bolup durýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar üçin we Türkmenistanda gurulýan halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana toplumlarynda işletmek we dolandyrmak üçin ýokary derejeli hühärmenleri taýýarlamaga esasy üns berilýär. 

Geljege nazarlanyp tebigatyň dürli künjeklerini we Köýtendagyň ýadygärlikleri UNESCO-nyň Bütindünýä mirasyna girmegi barada işler alnyp barylýar. Bu ugurda Köýtendagyň ajaýyp tebigy künjeklerinde syýahatçylara amatly şertleri döretmek, bu ýerde myhmanhanalary gurmak we beýleki guramaçylyk işleri tendere çykarylýar.

Duşenbe, ýanwar 16, 2017