icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

04 oktýabr 2024

986

Bişkek şäherinde Magtymgulа bagyşlanan maslahat we şahyryň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň çäginde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.

Çärä Gyrgyzystan Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ministrleriniň orunbasarlary, Bişkek şäheriniň esasy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intellegensiýasy we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew maslahatda çykyş etmek bilen, döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda gyrgyz diline terjime edilen kitabyň gyrgyz halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňişleýin tanyşmagy we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer dialogy güýçlendirmek üçin niýetlenendigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi