Aşgabat, 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabry
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Şu gün biz dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris. Bu waka Bitarap Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bolup geçýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetli taryhy wakadyr. Şanly Garaşsyzlygymyz bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döretdi.
1991-nji ýylda mukaddes ýaşyl Baýdagymyz we milli agzybirligimiz bilen, döwletimiz hem-de jemgyýetimiz üçin düýpli özgertmeleriň täze döwri başlandy. Berkarar döwletimiziň resmi hukuk derejesi we daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde biz bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kabul etmek barada ykbal kesgitleýji karara geldik.
Dünýä tejribesinde täze ýagdaý hökmünde türkmen bitaraplygy ählumumy ösüş ýollaryny üýtgetmegiň has amatly nusgasyny teklip etdi. Hyzmatdaşlygyň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze konsepsiýasynyň binýadyna öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden Rezolýusiýasynda milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar» diýlip bellenýär.
Bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bolsa, Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatyna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär. Bu syýasat mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik kadalaryna, köpasyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine hem-de medeni däp-dessurlaryna daýanýar. Ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär.
Netijede, berkarar döwletimiz halkara gatnaşyklarda ykrar edilen syýasy-hukuk derejesine eýe boldy. Bu bolsa dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýagdaýdyr. Şol döwrüň örän çylşyrymly öwrülişik pursadynda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini Garaşsyzlyk ýyllary görkezdi.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Biziň döwletimiziň alyp barýan döredijilikli syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan doly makullandy we goldaw tapdy. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ýollary açdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaşa, açyklygy we Merkezi Aziýada howpsuzlygy kepillendirýän ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly adamlar!
Biziň halkymyz garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzy agrar ülkeden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy.
Elbetde, bu ykdysadyýet bilen baglydyr we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara esaslanyp, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berdik, ähli ugurlarda düýpli özgertmeleri geçirdik.
Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny gönükdirdik. Amala aşyran bu işlerimize siziň hem baha berip biler ýaly, men birnäçe mysallary getireýin:
Garaşsyzlygymyzyň 27 ýylynyň içinde ykdysadyýetimize goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden hem köp artdy we 500 milliard manada ýa-da 185 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Munuň 68 göterimi, ýagny 335 milliard manada ýa-da 124 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Bu serişdeler bize 2600-den hem köp önümçilik-tehniki we medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmaga mümkinçilik berdi.
Netijede, ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Ykdysadyýetimiz dürli ugurlary — elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty pudaklaryny hem-de beýleki senagat pudaklaryny öz içine alýar.
Orta we kiçi hususy telekeçilik hem yzygiderli ösdürilýär. Häzir ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy 68 göterime ýetdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagy hem maýa goýum işjeňligine oňyn täsir edýär. Soňky ýyllarda bu girdejiler gyşarnyksyz artýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, biz alýan girdejilerimizi şu maksada gönükdirýäris. Zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny her ýyl 10 göterim köpeldýäris.
Mundan başga-da, Döwlet býujetinden goýberilýän serişdeleriň esasy bölegini bilim, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlaryny ösdürmäge we pensiýa üpjünçiligine gönükdirýäris.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda ýerleşýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, onlarça döwletde, şol sanda Russiýa Federasiýasynda, Belarus, Gyrgyz, Türkiýe hem-de Hytaý Halk Respublikalarynda we birnäçe beýleki döwletlerde Söwda öýlerini açdyk.
Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlara we çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, nesip bolsa, biz şu ýyl we geljek ýyl jemi içerki önümiň möçberiniň 6,2 göterim artmagyny üpjün ederis.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi uglewodorod serişdelerini çykarýan, gaýtadan işleýän we eksport edýän önümçilikler döwletimize köp girdeji getirýän, geljegi uly bolan ugurlardyr.
Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçiriji üpjünçilik ulgamlaryny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarymyza, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna berkarar döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşan hakyky goşandy hökmünde garamak bolar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär.
Biziň ýurdumyz dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, eksport etmegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ählumumy energetika bazarlarynda hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we nusgalaryny işläp düzmegi, transmilli gaz geçiriji üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly bolmagyny goldaýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge, energiýa serişdeleriniň öndürilýän, gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyryldy.
Şu maksat bilen, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmäge 8 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary gönükdirildi.
Häzirki döwürde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde hem ýylda tebigy gazdan «Euro-5» ölçeginiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň (gaz benziniň) ýylda 600 müň tonnasyny öndürýän zawodyň gurluşygy gutaryp barýar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Elektrik energetikasyna ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde örän uly orun degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherinde ýedi sany kuwwatly, häzirki zaman elektrik stansiýasy guruldy. Şolaryň birini — utgaşdyrylan görnüşde işleýän täze elektrik stansiýasyny ýaňy-ýakynda biz Mary şäherinde işe girizdik. Elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy kiçi stansiýalar gurlup, şäherlerimiziňdir ilatly ýerlerimiziň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlary hem täzelenýär.
Gurluşyk toplumynda hem özgertmeler giň gerim bilen alnyp barylýar. Pudakda täze materiallar we energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalar giňden ulanylýar. Biz Ahal welaýatynda döwrebap aýna we aýna önümlerini öndürýän iri kärhanany işe girizdik.
Biziň ýurdumyz «ýaşyl ykdysadyýete» tapgyrlaýyn geçýär. Gurluşykda ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýar.
Soňky ýyllarda mineral dökünleri öndürýän döwrebap toplumlaryň işe girizilmegi, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagy netijesinde, biz düýbünden täze diýen ýaly himiýa senagatyny döretdik.
Daşary ýurtly maýadarlar bilen Lebap welaýatynda ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän kärhana guruldy.
Mary şäherinde hem ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürýän döwrebap zawod işe girizildi.
Garabogaz şäherinde ýapon we türk kompaniýalary bilen bilelikde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygyny tamamladyk.
Häzirki döwürde ýod, brom we olardan alynýan önümleri öndürýän birnäçe desganyň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Netijede, tehniki ýoduň öndürilýän möçberleri ep-esli artar.
Ýeňil senagatda geçirýän özgertmelerimiz içerki bazarlary ýokary hilli öz harytlarymyz bilen üpjün etmäge we önümleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlandy we üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu bolsa ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryna işjeň goşulmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi multimodal gatnawlary utgaşdyrýan iri logistik merkezleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşdyrylan awtomobil, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen, döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň öňünde giň mümkinçilikler açyldy.
Türkmenbaşy şäherinde köpugurly döwrebap port toplumynyň işe girizilmegi bolsa Garaşsyz döwletimiziň çäklerinden üstaşyr gatnawlary birnäçe esse artdyryp, eksport şertlerimizi has-da ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzda gurlan köprüler hem möhüm ähmiýetli desgalara öwrüldi. Diňe Amyderýanyň üstünden bäş sany demir ýol we awtomobil köprüsi guruldy. Bu bolsa Lebap welaýatynyň ykdysadyýetini işjeň ösdürmäge mümkinçilik berdi.
«Demirgazyk — Günorta» we Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollarynyň işe girizilmegi ýükleri Günorta Hytaýyň kenarlaryndan Pars aýlagynyň bazarlaryna has amatly ýagdaýda eltmäge şert döretdi. Içerki demir ýollary we inžener-tehniki desgalary döwrebaplaşdyrmak hem işjeň alnyp baryldy.
Häzirki döwürde Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy we durkuny täzelemek işleri hem giň gerim bilen dowam edýär.
Howa ulaglary pudagy hem işjeň özgerdilýär. Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili guruldy. Türkmenabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň, şeýle hem Daşoguz şäherindäki howa menzilinde uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy.
Aragatnaşyk pudagynyň üpjünçilik ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär.
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ilkinji milli emeli hemramyz älem giňişligine çykaryldy. Şonuň netijesinde, halk hojalygynda iň kämil aragatnaşyk, sanly telewideniýe hem-de Internet ulgamlary giňden ulanylýar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bilim, hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Şu döwürde 509 sany häzirki zaman täze bilim edaralary açyldy. Ýokary okuw mekdepleri iň öňdebaryjy tehnologiýalar, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edildi.
Berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny emele getirmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik, şeýle hem hukuk ulgamy, meniň öň hem belläp geçişim ýaly, häzirden köp sanly hünärmenleri talap edýär.
Biz döwürden yza galmazlyk üçin ähli ünsi örän zerur bolan maliýe, sanly ykdysadyýet, oba hojalyk, senagatlaşdyrmak we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny taýýarlamaga gönükdirmelidiris. Men halkara hukukçylary taýýarlamak barada aýdyp hem duramok.
Bu işleri amala aşyrmak üçin öňdebaryjy milli we halkara tejribäni yzygiderli öwrenmeli we birleşdirmeli. Bilim ulgamynyň, iş berijiniň we zähmet bazarynyň özara hyzmatdaşlygyny, işgärleri gaýtadan taýýarlamagy ýola goýmaly.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Jemgyýetiň ösüşini özgerdýän kuwwatly güýç hökmünde ylmyň durmuşda örän möhüm orny bardyr. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym we ýokary tehnologiýalar babatda iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip geldi.
Ýurdumyzda ylmyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlar yzygiderli geçirildi. Gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, taryhyny we medeniýetini öwrenmäge ýardam berýän ylmy saparlar guraldy.
Akademiki institutlarymyzyň maddy-tehniki binýady berkidildi. Ylmy barlaghanalar döwrebap enjamlar we abzallar bilen üpjün edildi. Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy bolsa ylmy ösdürmekde nobatdaky ädim boldy.
Hormatly watandaşlar!
Hormatly ýaşulular!
Saglygy goraýşy ösdürmek hem biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Lukmançylyk we sagaldyş-şypahana ugurly dürli edaralaryň durky täzelendi.
Diňe soňky ýyllarda paýtagtymyzda Kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň ylmy-kliniki merkezi, Newrologiýa, Morfologiýa hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezleri, Jemgyýetçilik saglygy we iýmitlenmek, Halkara okuw-ylmy merkezleri, şeýle hem Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezi açyldy. Mary şäherinde çagalar hassahanasy, Türkmenabat şäherinde köpugurly hassahanasy, Türkmenbaşy şäherinde «Awaza» şypahanasy, welaýatlarda «Tiz kömek» merkezleri işe girizildi.
Häzir ýurdumyzda 122 sany hassahana işleýär. Köp bölegi oba ýerlerinde ýerleşýän saglyk öýleriniň ulgamy giň gerime eýe boldy.
Garaşsyz Diýarymyzda derman senagaty hem depginli ösdürilýär. Ýerli çig maldan ýokary hilli derman we lukmançylyk maksatly beýleki serişdeler öndürilýär.
Şunuň bilen birlikde, maýa goýumlarynyň ygtybarly we özüni çalt ödeýän görnüşi hökmünde «adam maýasyna» goýumlary goýmaga aýratyn möhüm ähmiýet berildi. Şoňa görä-de, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna maýa goýumlaryny gönükdirmek alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlaryndan biri bolmagynda galýar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, biz halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini dowam edýäris. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport we atçylyk-sport toplumlaryny, stadionlary, sport mekdeplerini, saglyk öýlerini yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris.
Türkmenistanyň sport döwleti diýlip ykrar edilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň gazanan iň uly üstünligimizdir.
Bilşiňiz ýaly, geçen ýyl on günläp ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi Garaşsyz döwletimizi tutuş dünýäde iri sport ýaryşlaryny halkara derejede guramaga ukyply ýurt hökmünde tanatdy.
Men milli ýygyndy toparymyzyň kämil sport binýadyna we halkymyzyň goldawyna eýe bolup, geljekde hem Aziýa hem-de tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine berk ynanýaryn!
Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berýäris.
Häzir ýurdumyzda teatrlaryň 10-sy, muzeýleriň 36-sy, kitaphanalaryň hem 230-sy işleýär. Her ýyl bir hepdäniň dowamynda geçirilýän Medeniýet günleri milli çeper döredijilik we medeniýet baýramçylygyna öwrülip, gadymy mirasymyza buýsanç duýgymyzy artdyrýar.
Biz geljekde hem baý ruhy-milli we medeni mirasymyza daýanmak bilen, halkymyzyň dörediji, ruhubelent milletdigini bütin dünýä wagyz ederis.
Hormatly adamlar!
Oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça işler dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri maldarçylyk toplumlary gurulýar. Netijede, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaga mümkinçilik ýokarlanýar. Ekinleri ýetişdirmek üçin ähli welaýatlarda ýyladyşhana hojalyklary döredildi. Bu bolsa ilatymyzy hem-de daşary ýurtlara ibermek üçin oba hojalyk önümleri bilen ýylyň bütin dowamynda üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň sebitlerinde et, süýt we gök önümlerini saklamak üçin üpjünçilik ulgamlary hem döredilýär.
Ýerleriň durkuny täzelemek we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, hasylyny ýokarlandyrmak, täze suwaryş usullaryny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler dowam edýär. Muňa garamazdan, oba hojalygynda gazanylýan netijeler pes bolmagynda galýar.
Biz obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny gözlemelidiris.
Şoňa görä-de, men obasenagat toplumynyň işini gowulandyrmak bilen bagly teklipleriň birnäçesine seretmegi teklip edýärin:
1. Pes önümçilik görkezijileri we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleri alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilse, dogry bolar diýip pikir edýärin.
2. Şu maksat bilen, kanunçylyga laýyklykda, ýörite ýer gaznasyny döretmegi hem-de iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleri 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere bermegi teklip edýärin.
3. Şeýle hem bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek netijeli bolar diýip hasaplaýaryn.
4. Daýhan hojalyklarynyň hem-de oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndüren önümleri olaryň islegi boýunça öz garamagynda galdyrylsa we erkin bahalar boýunça ýerlemek hukugyny göz öňünde tutýan tertip kesgitlense, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
5. Azyklyk bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryna täzeden seretmegiň, ýokary hilli tohum öndürmek üçin goşmaça tölegleri bellemegiň zerurdygyny hem aýtmak isleýärin. Bu çäreler oba zähmetkeşleriniň bol hasyl almaga höwesini artdyrar.
6. Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin telekeçileri gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge, eksport etmek üçin ýokary hilli azyk harytlaryny öndürmäge giňden çekmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmeli.
7. Ilatymyzyň gök we miwe önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, welaýat merkezleriniň golaýynda ýöriteleşdirilen daýhan hojalyklary we gaýtadan işleýän kärhanalar döredilse, peýdaly bolar diýip hasaplaýaryn.
8. Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş we zeýkeş akabalaryny arassalamak, suw üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, daýhan birleşiklerine hem-de hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we ylmy-barlag institutlaryna suw hojalyk işlerinde ulanyljak ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin, 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermeli.
9. Maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna onuň ösüşini höweslendirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, gara mallary we dowarlary ýetişdirýän hususy hojalyklary döretmek, olary ot-iým öndürmek üçin ýer bölekleri bilen üpjün etmek meselelerini hem kanunçylyk taýdan çözmeli.
10. Ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň anyk ugurlaryny kesgitlejek täze maksatnamany işläp taýýarlamagy zerur hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, degişli ýolbaşçylardan we hünärmenlerden şu meseleler boýunça anyk tekliplere garaşýaryn.
Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we artdyrmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek döwlet syýasatymyzyň ýene bir möhüm ugry bolup durýar. Biz, tapylgysyz baýlyklarymyz bolan belent daglarymyzy, uç-gyraksyz meýdanlarymyzy, ajaýyp derýalarymyzydyr köllerimizi örän aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys.
Şoňa görä-de, biz birnäçe teklipleri öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bu başlangyçlary amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýäris.
Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny hormatlamak bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işleri geçirýäris. Soňky ýyllarda tokaý meýdanlary çalt depginler bilen giňelýär. Ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän seýilgähler gurulýar. Ilatly ýerleriň daş-töwereginde, awtomobil we demir ýollaryň boýunda döredilen tokaý zolaklary amatly ekologiýa ýagdaýyny emele getirýär.
Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi suw serişdelerini aýawly saklamaga we daşky gurşawy goramaga, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýurdumyzyň goşýan goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Şu ýerde men ýene-de bir möhüm meselä siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Biz ýeňil bolmadyk geçiş döwründe ilaty goramaga gönükdirilen deňsiz-taýsyz ýeňillikleri — gazdan, elektrik energiýasyndan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanmagy üçin ýeňillikleri girizdik. Ýaşaýyş jaýlary we edilýän jemagat hyzmatlary üçin ujypsyz bahalary belledik.
Ýöne, döwür üýtgeýär. Täze ykdysady şertler döreýär. Häzirki döwrüň talaby tebigy we ykdysady serişdeleri netijeli peýdalanmakdan, jemgyýetiň, döwletiň we her bir adamyň bazar ykdysadyýetine uýgunlaşmagyndan ybarat bolup, bu meseleler oýlanyşykly çözülmegini talap edýär.
Häzirki wagtda ilatyň girdejileri görnetin artdy. Her maşgala gazanç etmek, çagalary ekläp-saklamak üçin giň mümkinçilikler döredi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan mugt berilýän serişdeleri tygşytly ulanmak üçin bu meselelere täzeçe garalsa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.
Sebäbi, tebigy baýlyklarymyz, ýurdumyzyň ösen ykdysady mümkinçilikleri diňe häzirki däl-de, eýsem, geljekki nesillerimize hem hyzmat etmelidir.
Şoňa görä-de, men gazy, elektrik energiýasyny, agyz suwuny mugt sarp etmek üçin goýberilýän serişdeleriň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we jemagat hyzmatlarynyň tölegleriniň esaslandyrylan ulgamyny ýola goýmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn. Birnäçe ýyllaryň dowamynda halkymyzdan, şol sanda ýaşululardan bu barada köp sanly teklipler hem gelip gowuşdy.
Şeýle teklipler Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şoňa görä-de, bu mesele boýunça degişli karar kabul etsek, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.
Hormatly adamlar!
Bize ýene-de bir möhüm meseläni — 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar.
Meniň pikirimçe, pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklamak, halkara we sebit ähmiýetli iri hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bu meselede esasy ugur bolmalydyr.
Şoňa görä-de, 2019-njy ýylda hem durmuş syýasaty ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilmelidir.
Dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri dowam etdirmeli. Bu ulgamy mundan beýläk-de ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaly.
Ylmy ösdürmäge hem uly üns bermeli. Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmeli. Ylmy barlaghanalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmeli.
Kadaly iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden ýüz öwürmegi, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sport bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan saglygy goramagyň milli ulgamyny kemala getirmegi dowam etmeli. Bu ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeli.
Medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty jemgyýetimiziň ähli agzalary üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna gönükdiriler. Ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekilmegini göz öňünde tutýan milli sport ulgamy mundan beýläk hem ösdüriler.
Aýlyk zähmet haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny (10 göterimden az bolmadyk derejede) ýokarlandyrmak arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek hem möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galar. Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberi Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminden az bolmaly däldir.
Eneligi we çagalygy goramak boýunça döwlet tarapyndan çäreler görülmelidir.
2019-njy ýylda maýa goýumlarynyň köp bölegi uglewodorod çig malyndan polietilen, polipropilen, ýokary oktanly benzin ýaly önümleriň örän gymmat görnüşlerini öndürýän önümçilikleri ösdürmek üçin ulanylar.
Maýa goýumlarynyň uly möçberi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gönükdiriler.
Geljek ýylda ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmäge, täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga hem aýratyn üns berler. Bu bolsa içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge we goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.
Himiýa senagatynda ýod we brom öndürýän birnäçe kärhanalaryň düýbi tutular.
2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegine hem uly üns berilmelidir. Geljek ýylda Aşgabat — Türkmenbaşy, Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Farap hem-de Aşgabat — Garagum — Daşoguz awtomobil ýollaryny abadanlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu çäreler bolsa müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň we azyk howpsuzlygynyň döredilmegi biziň geçiren düýpli özgertmelerimiziň esasy netijesi boldy. Biz raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy kanunçylyk taýdan üpjün etmek, mugt bilim almak, her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkitmegi, netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin doly şertleri döretmek ýaly möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazandyk.
Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde merdana türkmen halky dünýäde özüni parahatçylyk söýüji, dostlukly, gurmagy we döretmegi başarýan milletdigini aýdyň görkezdi. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk döwrüniň üstünliklerine hem-de taryhy ýeňişlerine buýsanýar!
Men ähli halkymyza, aýratyn-da, hormatly ýaşulularymyza içeri we daşary syýasatymyzy goldaýandyklary, jan-tenimiz bilen guwanýan ata Watanymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Hormatly adamlar!
Şu gün biz üstünden gadymy kerwen ýollary geçen berkarar Watanymyzda täze taryhymyzyň ýeňişli sahypalaryny ýazýarys.
Watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik kadalaryna eýerýän mähriban halkymyzyň biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy goldamagy, ata Watanymyzyň güýç-kuwwatyna bolan berk ynamy, beýik maksatlar bilen amala aşyrylýan işlere hoşniýetli gatnaşmagy täze-täze maksatnamalary işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.
Eziz watandaşlar!
Men siziň ähliňizi şanly Garaşsyzlyk baýramyňyz bilen gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, asuda, abadan, bagtyýar durmuşy, Berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmekde, ähliňize uly üstünlikleri arzuw edýärin!