icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

26 oktýabr 2019

2629

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitinde eden çykyşy

Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Ilham Geýdarowiç Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet baştutanlarynyň mundan öňki maslahatynyň Wenesuelada geçirilen wagtyndan bäri dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi. Halkara syýasatynda täze maksatlar döredi. Dürli geosyýasy we geoykdysady çemeleşmeler we garaýyşlar ýüze çykdy. Bu özgermeleriň ählisi biziň häzirki zaman ýagdaýyna düýpli oýlanyşykly çemeleşmegimizi we oňa laýyk gelýän çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamagymyzy talap edýär.

Häzirki döwürde Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere esasy maksada ýetmäge — ählumumy parahatçylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga hem-de goldamaga gönükdirilen, birleşdirilen we bir maksada niýetlenen tagallalar zerur bolup durýar.

Hut şu maksat hem ählumumy çözgütleriň derejesinde, şeýle hem ýerli we sebit derejelerinde jogapkär döwletleriň garaýyşlaryny we hereketlerini kesgitlemelidir. Soňky döwrüň ähli howplaryna hem-de wehimlerine garamazdan, Türkmenistan biziň bilelikde olara garşy durmagyň netijeli gurallaryny tapjakdygymyza ynanýar.

Biz bu meselede Goşulyşmazlyk hereketine aýratyn ähmiýet berýäris. Birnäçe onýyllyk mundan ozal bu hereketiň esasynda goýlan ýörelgeler we maksatlar şu gün häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Olar Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň aglaba böleginiň esasy durmuş zerurlyklaryna laýyk gelýärler. Şol ýörelgelere we maksatlara esaslanyp, biz — Goşulyşmazlyk heretletine agza döwletler, halkara bileleşiginiň beýleki agzalary bilen bilelikde, bu ugurda alyp barýan işlerimizi dünýägaraýyş we syýasy-hukuk taýdan anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryp, ählumumy howpsuzlygy berkitmäge täze we kuwwatly itergi bermelidiris.

Biziň pikirimizçe, ynanyşmak we hereketleriň aýdyňlygyny dikeltmek we ykrar etmek halkara giňişliginde netijeli, hemmeleriň bähbitlerini göz öňünde tutýan gatnaşyklary guramagyň, parasatly çözgütleri kabul etmegiň esasy şerti bolup durýar.

Dünýädäki ýagdaýlar üçin öz jogapkärçiligine düşünmek bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Birnäçe hepde mundan ozal, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda, Baş Assambleýa Birleşen Milletler Guramasyna agza 73 döwletiň awtordaşlyk etmeginde ýokarda görkezilen Kararnamany biragyzdan kabul etdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde örän uly ähmiýeti bolan bu başlangyjy goldandyklary we oňa goşulyşandyklary üçin, Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalaryna, aýratyn hem, kabul edilen bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletlere minnetdarlyk sözlerini aýtmaga rugsat beriň!

Halkara terrorçylygyna garşy netijeli hereket etmek ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde örän möhüm wezipe bolup durýar. Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga garşy göreşmegiň netijeli halkara gurallaryny döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny doly möçberde durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Şeýle işler ähli ýerlerde, hem bütindünýä, hem sebit we milli derejelerde alnyp barylmaly diýip hasap edýäris. Olaryň birnäçesinde terrorçylyk, hakykat ýüzünde howp salýan Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlary üçin bu mesele ýokary derejede möhüm meseledir.

Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere gönüden-göni degişli meseleleriň ýene-de biri — bosgunlar meselesidir. Bosgunlaryň aglaba köpüsi Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň adamlary bolup durýar.

Bosgunlar meselesiniň hakyky çözgüdini gözlemäge çalşyp hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, biz öz ýurdumyzda 2012-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, bosgunlar meselesine bagyşlanan halkara maslahaty geçirdik.

Milli derejede diňe soňky ýyllarda biziň ýurdumyz 20 müňden hem köpräk bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara öz raýatlygyny berdi. 2012-nji ýylda Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň baştutanlarynyň Tähranda geçirilen duşuşygynda Türkmenistan bosgunlar meselesini özbaşdak ugur hökmünde Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işlerine goşmagy teklip etdi. Biz şu teklibiň anyk seredilmegine dolanyp gelmek meselesini şu gün ýene-de gozgaýarys.

Häzirki döwürde ählumumy ykdysadyýet Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry bolup durýar.

Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapdarlary bolup, garaýyşlaryny özara ylalaşyp, bilelikde çykyş etmelidir. Halkara ykdysady gatnaşyklarynda adalatyň we deňhukuklylygyň tarapynda durmalydyr. Hukuklaryň kemsidilmegine, dünýä söwdasynda hiç bir esassyz, köplenç ýagdaýlarda bolsa, emeli taýdan päsgelçilik döredilmegine garşy çykmalydyr.

Halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrunda tagalla etmelidir. Biz şu ýagdaýlaryň şeýle bolmalydygyna ynanýarys.

Şu meselede Goşulyşmazlyk hereketiniň garaýşy berk we saldamly bolmalydyr. Biz özümiziň ählumumy ykdysady gün tertibimizi başlangyçly we jogapkärli öňe sürmelidiris. Bu babatda goşulyşmaýan döwletleriň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine, energiýa serişdelerini iberijileriň, alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga hem-de ykrar etmäge esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegine gatnaşmagy örän möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eýýäm köp ýyl bäri ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça düýpli işleri geçirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň garamagyna biziň ýurdumyz durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýar.

Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda, olaryň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmek boýunça işleri raýdaşlykda alyp barmaklary hem gowy netijeleri berip biler. Döwletler we sebitler üçin azyk serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek meselelerine garalanda, şeýle hem islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde ýeterlikli iýmitlenmegi üpjün edilende goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň agzybir, aýgytly we berk bolmagy zerurdyr.

Biz Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça has-da tutanýerli hyzmatdaşlyk etmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Ählumumy ösüş gün tertibini we Pariž Ylalaşygyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen tagallalarymyzyň birleşdirilmegi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bu ýerde, hazarýaka döwletleriň biriniň paýtagtynda bolmak bilen, men Hazar deňzini, onuň ekologiýasyny, deňsiz-taýsyz biologik köpdürliligini gorap saklamagyň bütindünýä ähmiýetini bellemän geçip bilmeýärin.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Biz bu mesele boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak barada başlangyç bilen çykyş etmekçi bolýarys we Goşulyşmazlyk hereketiniň bizi hemmetaraplaýyn goldajakdygyna ynanýarys.

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

Indiki ýyl Türkmenistan özüniň häzirkizaman taryhynda iň bir möhüm seneleriniň biri bolan biziň ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny dabaraly belläp geçer. Ýöne Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketine agza bolmagynyň 25 ýyllygy ýaly beýleki şanly sene hem şu sene bilen baglydyr. Bu seneleriň bir-biri bilen baglanyşygy aýrylmazdyr.

Şoňa görä-de, hut 1995-nji ýylyň oktýabr aýynda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet baştutanlarynyň Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçen duşuşygynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet bolmak meýlini goşulyşmaýan ýurtlaryň biragyzdan goldandygyny biz hiç wagt unutmarys we hemişe minnetdarlyk bilen nygtaýarys. Biz şol günki wakany türkmen bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde öňe sürülmeginde we geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde berkidilmeginde aýratyn tapgyryň ornuny tutýan waka diýip hasap etmäge doly haklydyrys.

Şol ýatdan çykmajak wakadan soň geçen ýyllar biziň bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň, onuň çuňňur dünýägaraýşynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň maksatlaryna we gymmatlyklaryna kybapdaşdygyny, parahatçylyk söýüjiligiň, gatyşmazlygyň, her bir ýurda, onuň öz saýlan ösüş ýoluna bolan berkarar hukugyna hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän ähli halklaryň we döwletleriň arzuw-hyýallaryna we meýillerine laýyk gelýändigini görkezdi.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanyp, birnäçe iri halkara çäreleri geçiriler. Olaryň hatarynda Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara maslahat hem bar. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men goşulyşmaýan ýurtlaryň ähli döwlet baştutanlaryny we wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrýaryn.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi