icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

22 noýabr 2022

2418

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti, Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleriniň arasynda ykdysady, ýaşaýyş-medeni gatnaşyklarynyň örän möhüm ugurlary babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara meseleler boýunça pikir alşyldy.

Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Olar şol ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny bellediler.

Taraplar bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin iki döwletiň telekeçilerine goldaw bererler.

Taraplar ulag gatnawlarynyň iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Liderler halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, medeniýetleri özara baýlaşdyrmagyň, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ornuny ykrar edip, medeni taýdan alyşmagy höweslendirmek we çuňlaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleri halkara howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, gapma-garşylyklary duýdurmagyň we olaryň öňüni almagyň meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň Baştutanlary terrorçylygyň, transmilli jenaýatçylygyň, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň Ýer ýüzünde parahatçylyga, howpsuzlyga esasy wehimleriň biri bolup durýandygyny beýan etdiler we bu howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Liderler parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbitlerine ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşde hyzmatdaşlyga, özara hormatlamaga, düşünişmäge we sabyrlylyga ýardam berýän çemeleşme hökmünde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň sebit hem-de halkara derejede ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga hem-de pugtalandyrmaga çalyşýandyklary aýratyn nygtaldy, şeýle-de halkara meseleleri diňe diplomatik serişdeler arkaly parahatçylykly çözmegiň zerurdygy bellenildi.

Taraplar iki ýurduň sebit we halkara derejede öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi, umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2022-2023-nji ýyllar üçin hemişelik däl agzasy hökmünde BAE-niň ornuna ýokary baha berdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti sebit we ählumumy derejede gatnaşyklary ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalaryny kabul etmek boýunça başlangyçlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalaryny belledi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gyzgyn myhmansöýerlik üçin Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Onuň Alyjenabyny resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Abu-Dabi, 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi