icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

06 ýanwar 2023

14850

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki beýannamasy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýda döwlet sapary bilen boldy.

Hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara düşünişmegi gazandylar.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri geçen 31 ýylyň içinde dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerine ýokary baha berip, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň eýýäm hemmetaraplaýyn ösüşiň täze tapgyryna başlandygy barada bir pikire geldiler. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesinden we iki tarapyň gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýandygyndan ugur alyp, taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygynyň ösüşi hakynda aýtdylar we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin tagallalary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigi hakyndaky başlangyjyň çäklerinde iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň geljeginiň bähbidine asyrlara uzaýan dostluk, raýdaşlyk, özara bähbitlilik bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra döwleti berkarar etmekde we gurmakda gazanan giň gerimli üstünliklerine ýokary baha berýär hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň, Hökümetiniň ýurtda durnuklylygy, depginli ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny we durmuşa geçirýän çärelerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan ähli maksatlaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirýär.

Türkmen tarapy Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle-de Si Szinpiniň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady. Hytaýyň täze döwrüň onýyllygynda durmuş-ykdysady ösüşde gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berip, hytaý halkyna Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda döwrebaplaşdyrylan sosialistik döwleti gurmakda, Hytaý Halk Respublikasynyň ýüz ýyllygy mynasybetli bellenen hytaý döwrebaplaşdyrmasynyň kömegi bilen milletiň galkynyşynyň maksatlaryny we hemmetaraplaýyn ilerlemegini amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar birek-biregiň düýpli bähbitlerine degişli meselelerde özara goldawyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas goýujy ýörelge bolup durýandygyny belleýärler. Hytaý tarapy Türkmenistanyň özbaşdak saýlanyp alnan ösüş ýoluny hem-de onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýar. Türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümeti, Taýwanyň Hytaýyň çäkleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ýene-de tassyklaýar. Türkmen tarapy «Bitewi Hytaý» ýörelgesine eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygynyň» islendik görnüşine garşy çykyş edýär, Taýwan aýlagynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösüşini we ýurdy birleşdirmek boýunça hytaý Hökümetiniň ähli tagallalaryny goldaýar. Taraplar islendik güýç arkaly içerki işlere gatyşylmagyna ýol bermezlik boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ederler.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň diplomatiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin syýasy üpjünçiligi hem-de strategik ýolbaşçylygy gazanmaga mümkinçilik berýär diýen bir pikire geldiler. Taraplar özara strategik we syýasy ynanyşmagy yzygiderli pugtalandyrmagyň bähbidine ýokary hem-de iň ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary saklarlar, döwlet dolandyryşynyň tejribesini alyşmagy çuňlaşdyrarlar. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça öz wagtynda pikir alyşmak we garaýyşlary ylalaşmak üçin dürli derejelerde duşuşyklardyr geňeşmeleri mundan beýläk-de işjeňleşdirerler.

Taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň utgaşdyryjy ornuny doly amala aşyryp, «Bir guşak, bir ýol» hem-de «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» başlangyçlaryny baglanyşdyrmagyň üstünde işlemegi işjeňleşdirmegi, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň bähbidine Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň bäş ýyla niýetlenen (2021 — 2025 ýý.) Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge tagallalary gönükdirmegi ylalaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly şertlerini hem-de mümkinçiliklerini görýärler. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirip, taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini yzygiderli giňelderler, onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrarlar, çig mala bagly bolmadyk pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirerler, ileri tutulýan ykdysady taslamalaryň sanawyny ylalaşmak boýunça işleri çaltlandyrarlar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hilini, derejesini ýokarlandyrarlar.

Taraplar özara maýa goýumlaryň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäreleri görmegi, şu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen, senagat hem-de maýa goýumlar boýunça hökümetara hyzmatdaşlygyň guralyny döretmegi ýokary depginlerde ösdürmegi ylalaşdylar. Taraplar şu ulgamda möhüm gural we ugur bolup çykyş edýän Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparyna oňyn baha berdiler, onuň ornuny mundan beýläk-de berkitmäge hem-de ulanmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Sanly ykdysadyýet we «ýaşyl» ösüş boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmekde türkmen-hytaý resminamalaryny durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmäge özara taýýarlyk, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ýokary hilli ösdürmegiň bähbidine onuň möçberini artdyrmak boýunça täsirli çäreleri görmek beýan edildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belleýärler. Toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň şu ugrunda — önümçilikde, turba geçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde degişli guralyň döredilendigini belleýärler. Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerip, taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler.

Taraplar üpjünçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ösüş nokady bolup durýandygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmagy çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmekde we serhetüsti ulaglar ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň zerurdygyny nygtadylar, Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan halkara multimodal gatnatmalarynyň sanyny we möçberini artdyrmagy, CAREC, OSJD-niň hem-de beýleki köptaraplaýyn gurallaryň çäklerinde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär.

Taraplar lukmançylyk we saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi, adaty lukmançylyk ulgamynda alyşmalary berkitmegi, Türkmenistanda adaty lukmançylyk merkezini bilelikde döretmegi hem-de dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, adaty lukmançylygyň kömegi bilen keselleri anyklamak, bejermek babatda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Hytaý tarapy lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda ýardam bermäge hem-de keselleriň öňüni almakda türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, saglygy goraýyş, uzak aralykdan lukmançylyk babatda adatdan daşary çäreleri görmäge, adamzadyň saglygyny goraýyş Bileleşigini döretmegi ilerletmäge taýýardyr.

Taraplar oba hojalyk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrarlar, suw tygşytlaýjylar arkaly suwarmak, pagtany gaýtadan işlemek, oba hojalyk tehnikalary we tehniki hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňelderler. Hytaý tarapy Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda oba hojalyk hyzmatdaşlygy merkezini döretmäge türkmen tarapynyň gatnaşmagyny goldaýar.

Taraplar medeniýet, bilim, ylmy-tehniki we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hytaýda Türkmen medeniýet merkezini we Türkmenistanda Hytaý medeniýet merkezini döretmek boýunça işleri çaltlandyrmak, «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny bilelikde amala aşyrmagy ilerletmek, 2023-nji we 2024-nji ýyllarda gezekleşikli medeniýet ýyllaryny geçirmek islegini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy çäreleri guramakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny goldaýar. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň welaýatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirýärler.

Taraplar howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär diýip hasaplaýarlar. Taraplar hukuk goraýyş işi we howpsuzlyk babatda ygtyýarly edaralaryň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklaryň oňyn däplerini goldamagy, terrorçylyga garşy göreşmäge, «üç howpuň güýjüne» aýgytly garşy durmaga degişli maglumatlary alyşmagy işjeňleşdirmegi, esasy taslamalaryň we köpçülikleýin çäreleriň howpsuzlygyny üpjün etmek tejribesini alyşmagy, strategik ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň howpsuzlygyny we durnukly işlemegini goldamagy dowam ederler. Taraplar geljekde-de Ýaragly Güýçleriň ugry boýunça strategik gatnaşyklary pugtalandyrmagy, harby ulgamda özara ynanyşmagy çuňlaşdyrmagy, wekiliýetleriň özara saparlary, işgärleri taýýarlamak we harby-tehniki ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňelderler hem-de özara alyşmalary işjeňleşdirerler.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin möhüm esas hökmünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň işine ýokary baha berdiler, gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde döwlet Baştutanlarynyň indiki duşuşygyny üstünlikli geçirmek üçin bilelikde tagalla etjekdiklerini tassykladylar.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, halkara hem-de sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça öz wagtynda seljermeleri geçirmäge taýýardyr. Taraplar ählumumy howpsuzlyk boýunça başlangyçlary bilelikde öňe sürmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy goramak üçin tagalla etjekdigini tassyklaýarlar. Hytaý tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýar, 2023-nji ýyly «Parahatçylyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyna ýokary baha berýär. Türkmen tarapy ählumumy ösüş boýunça hytaý başlangyjyny işjeň goldap, onuň meýilleşdirilen möhletlerde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda netijeli ornuny belleýär.

Taraplar döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygynyň uly ähmiýeti bar diýip hasaplaýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi