icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 maý 2023

1148

Türkmenistanyň Ilçisi Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Owanisýan bilen duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ýola goýlan adat bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejededigini bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň Ermenistandaky geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary derejesinde tejribe alyşmak maksady bilen saparlary guramak baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi