icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

22 maý 2023

1664

Almatyda «Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa» ykdysady forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Almaty şäherinde «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumynyň çäklerinde Ýewropa Bilelişigi we Merkezi Aziýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli plenar duşuşygy geçirildi.

Ýokary derejeli forumyň maksady Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hereket edýän başlangyçlar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kabul edilen strategiýalar esasynda, “ýaşyl” we “sanly” ulgama geçmek, işewürlik gurşawy, söwda we arabaglanyşyk mümkinçilikleri gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklary berkitmekden ybarat bolup durýar.

Agzalan foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümet ýolbaşçylary we wekilleri, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa we birnäçe halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew ýolbaşçylyk etdi we çäräniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Agzalan foruma gatnaşmaklygynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewropa komissiýasynyň söwda we ykdysadyýet boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis, Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ähliumumy meseleler boýunça orunbasary Mýart Wolmer we Halkara söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kouk-Hamilton bilen ikiçäk duşuşyklaryny geçirdi.

Geçirilen duşuşklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ulag, infrastruktura, “ýaşyl” energetika, oba hojalyk, nebit-gaz pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli strategik pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen işewürler forumyna hem gatnaşdy, onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda işewürlik gatnaşyklaryna ýardam bermek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi