2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň alymlary, mugallymlary we ýaş alymlary, şeýle hem otuzdan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-niň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Bangladeşiň, Türkiýäniň, Eýranyň, Finlýandiýanyň, Bolgariýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşnaşdylar.
Plenar mejlisi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersititende geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Maslahatda edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm amaly we usulyýet meselelerine bagyşlandy. Aşgabatda geçirilen foruma gatnaşyjylar maslahatyň ylmy tejribäni alyşmak, türkmen we dünýäniň iri ylmy-barlag institutlaryndan gelen daşary ýurtly alymlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm çärä öwrülendigini nygtadylar.
Daşary ýurtly wekiliýetleriň çykyşlarynda nanotehnologiýa, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly aktual ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns berdiler.
Forumyň myhmanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen ýaş türkmen alymlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşumak dabarasyna hem gatnaşdylar.
13-nji iýunda maslahat bölümler boýunça öz işini dowam eder. Foruma gatnaşyjylaryň ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Şeýle hem giňişleýin medeni maksatnama laýyklykda, myhmanlaryň Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşmaklary meýilleşdirilýär.