Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözi (2015-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Nýu-Ýork şäheri)
Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär. Dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň ösüş babatda halkara Gün tertibini ilkinji gezek kesgitläp, häzirki döwrüň birnäçe möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen, arkalaşykly hereket etmegiň...
DowamyLahoryň söwda-senagat edarasy TOPH boýunça karary goldaýar
Penşenbe güni Lahoryň Söwda-senagat edarasy ýakyn wagtda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine başlamak boýunça karary goldady we ony ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin utulyşsyz ýagdaý diýip atlandyrdy. Bu ýerde çap edilen beýannamada LSSE-nyň prezidenti Ijaz A.Mumtaz TOPH taslamasynyň uly sebitleýin ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Ol taslamanyň ýerine ýetirilip başlanmagynyň “energiýa mätäç” bolan Pakistana, onuň senagat pudagyna güýçli zarba uran nobatdaky çökgünli...
DowamyTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy (Aşgabat, 2015-nji ýylyň 28-nji maýy)
Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary! Hormatly adamlar! Geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar öz işine başlady. Biz şu gün bu Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça başyny başlan işlerimizi seljermek, deslapky maglumatlary we hasabatlary jemlemek, Konstitusion toparyň geçen döwrüň dowamynda ýerine ýetiren işlerini we öňde duran wezipelerini ara alyp masl...
DowamyGender deňliginiň gazanylmagy – Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçiliklere, hukuklara we jogapkärçiliklere eýe bolan jemgyýetini göz öňünde tutýar. Erkekleriň we aýallaryň arasyndaky deňlik – bu haçanda iki jynsyň wekilleri hem bilime we saglygy goraýyşa, dolandyryşda we häkimýetde deň ygtyýarlyklara eýe bolmaklary, kimdir-birine işlemek ýa-da öz işine ýolbaşçylyk etmek arkaly maliýe garaşsyzlygyna ýetmekde, özleriniň şahsy we hünär isleglerini hem-de gyzyklanmalary...
Dowamy