Galkynyş meýdança -paýtagtyň baş gözellikleriniň biri bolup, onuň merkezinde beýik sütün (stela) ýokary galýar. Onuň daş-töweregini beýik binagärlik toplumlary, Prezidentiň “Oguzhan” Köşkler toplumy gurşaýar.
Meýdançanyň töwereginde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goragynyň we halas ediş işleri boýunça Baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň baş binasynyň we “Diwan” myhmanhalar toplumynyň täze jaýlary ýerleşýär.
Meýdançanyň ortasynda sütün ýerleşdirip, onuň güýçli, asmana gönükdirilen gymmatbaha gara ýaşyl daşdan bolan gasyn-gasyn sütüni Türkmenistanyň beýik maksatlara alyp barýan beýik işleriniň ýeňişli ädimlerini aňladýar. Pöwrize-gök reňkli globusda oturdylan Prezidentiň altyn ştandarty (tugy) ýokary milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň bitewüligini, Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda abraý getiren işjeň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny özünde jemleýär.
Binada Ýer şarynyň şekiliniň bolmagy döwletiň Bitaraplyk derejesiniň özboluşly düşündirişi bolup, Türkmenistanyň ähli täze we oňyn zatlary açyk hem gowy kabul edýändigini, onuň goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik däplerini ýöredýändigini, häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmekde hyzmatdaşlyk, Ýer togalagynyň ähli halklarynyň bähbidi ugrunda ählumumy ösüşe ýardam etmäge Türkmenistanyň sap ýürekden taýýardygyny görkezýär.
Garaşsyzlyk binasy — paýtagtyň iň dabaraly gözelligi bolup, onuň beýikligi 118 metre barabar. Binanyň töwereginde Türkmenistanyň orta asyrlarda ýaşan döwlet işgärleriniň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen. Onuň içinde muzeý ýerleşýär. Muzeýiň gymmatlyklary Türkmenistanyň taryhy, özbaşdaklygynyň gözbaşlary barada gürrüň berýär. Binanyň töweregindäki giň meýdanda gelşikli seýilgäh bolup, ol agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň täsin görnüşleri bilen bezelendir. Seýilgähiň tutuş meýdanynda ýerleşen owadan suw çüwdürimleriniň kompozisiýalary salkynlyk berýär.
Bitaraplyk binasy – özünde täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini jemleýän has döwrebap owadanlyk bezeginde beýanyny tapan, arassa milli manyny aňladýan mukaddes desga. Bu täsin binany döretmek pikiri 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda bolup geçen ýurt üçin örän wajyp waka bilen baglanyşyklydyr. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185 döwletiň wekilleri biragyzdan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky ýörite Kararnamany kabul etmäge ses berdiler. Bitaraplyk binasy – bu türkmenistanlylaryň köp asyrlap taryhyň kölegesinde bolup, özüniň Garaşsyzlygynyň nyşanlary bilen özbaşdak döwlet hökmünde uly syýasy sahna okgunly çykan öz watanlaryna bolan guwanjynyň mese-mälim beýanydyr. Bu aýdyň keşp görnüp duran millilik bilen öý-ojagynyň odunyň öçmezligini – döwlet diýlip atlandyrylýan umumy öýüň berkdigini aňladýar. Bitaraplyk binasy ak mermere örtülendir, direg pilonlarynyň gapdal taraplarynda we aşaky silindr bölegindäki guşaklygynda bürünç şekil bezegleri şekillendirilip, olar türkmeniň taryhynyň ýaňlaryny, olaryň durmuşyndaky özgerişleri, geljege bolan ymtylyşlary beýan edýär. Pilonlaryň ýokarky we aşaky syn ediş meýdançalarynyň arasynda duran dik bölegi bäş sany meňzeş bürünç halka bilen berkidilen, olara her birinde dürli türkmen taýpalarynyň esasy haly nagyşlary – göller şekillendirilen relýef gözenekler dakylypdyr. Bu halkalar halkyň täze döwlet döretmekdäki synmaz agzybirliginiň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy ýurduň Esasy Kanunynyň 200 ýyllyk baýramynyň şanyna 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabadyň günorta böleginde guruldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ägirt uly taryhy muzeýi bolan binagärçilik-çeper toplum diňe bir Aşgabadyň bezegi we gözelligi bolman, eýsem onuň möhüm jemgyýetçilik-syýasy we medeni aň-bilim merkezidir. Ol döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, onuň parahatçylygyň hem döredijiligiň beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna üýtgewsiz meýillidigini aňladýar.
Bagt köşgi – biri-birini söýýän ýürekleri birleşdirmäge, täze maşgalalary döretmäge niýetlenilip, türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar böleginde bina edildi. Köşgüň binagärlik keşbi hem üýtgeşik. Ol 11 gatly, meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak umumy meýdany bolan üç bashançakly binadyr, onuň her tarapy sekiz burçly ýyldyz görnüşindedir. Onuň uly sütünleriniň ýokarsyndan görünýän kub (dörtburçluk) ýokarky basgançagyny emele getirýär we 32 metrlik Türkmenistanyň kartasy bilen çekilen Ýer togalagynyň nyşanyny özünde ýerleşdirýär. Ol bu ýerde ýola goýulýan maşgala gatnaşyklarynyň ygtybarlylygynyň we berkliginiň bitewüligini aňladýar. Köpugurly merkezde nikalary dabaraly resmileşdirmek üçin niýetlenilen alty sany zal bolup, olaryň her biriniň öz ady bar. Ondan başga-da toý dabaralary üçin niýetlenilen 500 we 1000 orunlyk 3 zaly bar. Dokuzynjy gatynda nika gyýylýan iň uly – Altyn zal ýerleşýär. Köşkde birbada 7 jübüt ýaş çatynjalary bellige almak üçin şertler döredilen. Bu ýerde 7 sany banket zaly, 2 kafe, toý üçin gerekli hyzmatlary etmek üçin nokatlar, şol sanda toý köýnekleri, maşynlary bezeýän, zergärçilik önümlerini girewine berýän, milli şaý-sepler salonlary, fotosalon, gözellik salony, 22 orunlyk ähli şertleri bolan myhmanhana ýerleşýär. 3-nji we 4-nji gatlarynda edara jaýlary we arhiw ýerleşýär.