icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

01 October 2022

146079

Healthcare

Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňat netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanýar, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar.

«Sagdyn ene - sagdyn çaga - sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, aýratyn hem, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylandygyny görkezýär.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Ýakynda ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap köpugurly hassahanalary, Daşoguz şäherinde onkologiýa hassahanasy ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde köpugurly hassahananyň, onkologiýa, «Tiz kömek», çagalar sagaldyş-dikeldiş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, welaýatlarda döwrebap hassahanalaryň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanda raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan muzdsuz berilýän derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny gi­ňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

BSGG-niň maslahatlary nazara alnyp, ýürek-damar, onkologiýa, dem alyş ýollarynyň we nerw-ruhy keselleriň, süýjüli diabetiň öňüni almak üçin ilatyň töwekgelçilikli toparlarynyň saglygyny berkitmek boýunça zerur çäreler geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan işleriň ykrarnamasy hökmünde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan ýurdumyza ýörite nyşanyň gowşurylandygyny belläp geçmek zerur.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilat arasynda giň goldaw tapýar. Türkmenistanyň teklibi boýunça, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň çäklerinde her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň umymyadamzat bähbitli başlangyçlarynyň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly, Garaşsyz, Hemişelik bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda täze ösüşler netijeli üpjün edilýär.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan