2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Bu forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we birnäçe guramaçylyk meseleler girizildi.
1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň häzirki döwürde 4 müň 973 ilkinji guramasy, 909 müň 765 agzasy bar.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada çykyş etdi. Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2016-2019-njy ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.
VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Olar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň wekilleri guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýewi saýladylar, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy.
Ý.Öwezberdiýew ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, gurultaýyň wekillerine özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar bilen duşuşmak üçin, “Mekan” köşgüne gelmegi gurultaýyň wekilleri üçin garaşylmadyk ýakymly waka öwrüldi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlady hem-de olara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident öz çykyşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde uly wezipeleri goýdy. Olardan ýaşlary ýurdumyzda bolup geçýän hemme özgertmelere işjeň çekmek, biziň taryhy we medeni mirasymyza hormat bilen garamagy terbiýelemek, öz Watanyna wepaly ýaşlary ýetişdirmek, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler we ony şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy gurultaýa gatnaşyjylaryň adyndan ýurdumyzyň ýaşlary bilen duşuşmaga wagt tapandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň maslahatlarynyň, sargytlarynyň özleri üçin möhüm gollanma bolup durýandygyny nygtady.
VI gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde häzirki döwürde goýan wezipelerinde gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler.