icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 iýul 2020

4096

Metbugat-relizi

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän maglumat beýan edilýär.

Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidrometeorologiki merkezleriň köp ýyllaryň dowamynda geçiren gözegçilik işleriniň, Ýakyn Gündogardan öwüsýän, Merkezi Aziýadaky howa şertlerine emele gelmegine täsirini ýetirýän howa akymynyň, geografik relýefiň aýratynlyklary bilen çaknyşmak arkaly öz ugruny üýtgedýändigine şaýatlyk edýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, aglaba ýagdaýlarda ýeliň tizligi peselýär we Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň çöl-düzlük zolaklaryndan ep-esli uzaklykda ýerleşýän we beýik dag gerişleri bilen gurşalan ýurtlaryň howasyna ýetirýän täsiri peselýär. Şunlukda, Eýrandan gelip Türkmenistanyň üstünden geçýän ýeliň “gyzgyn” akymlarynyň Täjigistanyň çägine barýanlygy baradaky kesgitleme hiç bir hakykata laýyk gelýän däldir. Bu hakykat, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ygtybarly gözegçiliginiň maglumatlary bilen tassyklanylýandyr.

Şol bir wagtda, türkmen tarapy koronawirus we beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagy zerarly dünýäde ýüze çykan häzirki ýagdaýy nazarda tutulmagy bilen, täjik žurnalistiniň ýokarda agzalan maglumatyny syýasy taýdan nädogry diýip hasap edýär. Bu ýagdaý häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň pandemiýa garşy tagallalaryny utgaşdyrýan wagtynda, ýagny wirusologiýa ulgamyndaky, hususanda koronawirusyň ýüze çykmagynyň tebigatynyň öwrenilmegi arkaly ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegi bilen şertlendirilendir. 32 döwletden 239 sany alymyň kesgitlän möhüm netijelerine görä, wiruslaryň howada uzak wagtyň dowamynda aerozol damjalarynda saklanyp bilýändikleridir. Degişlilikde, wirusly ýokançlaryň howa-damjalary arkaly geçmek mümkinçiligi has ähmiýetli hem-de ýaýraýan bolup durýandyr. Agzalan hünärmenler tarapyndan şu ýylyň iýul aýynda Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň Baş direktorynyň adyna ýollanan hatda munuň şeýledigi açyk beýan edilýändir.

Aýdylanlardan ugur alyp, öz çäginden ýa-da onuň üstünden geçýän howa akymlarynyň beýleki döwletlere howply ýokanç keselleri geçirip bilmegi mazmunynda haýsydyr bir döwletiň takyk adynyň islendik görnüşde ulanylmagynyň şübhe döredip bilýändir diýip hasap edýäris.

Hut şonuň üçin hem, türkmen tarapy ýokarda agzalan maglumaty taýýarlamak we ýaýratmak bilen habarçynyň syýasy taýdan dar gözýetimliligini aýratyn bellemek bilen, halkara tejribesinde kemala syýasy etikanyň kadalarynyň gödek bozulmagynyň kabul ederlikli däldigini tassyklaýandyr.

Şunuň bilen birlikde, adam saglygy üçin aýratyn zyýanly ýokançlara, ilkinji nobatda, howa akymynyň üsti bilen geçýän wiruslara ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy oňyn ýörelgäni durmuşa geçirýändir, oňa laýyklykda möhüm ekologiki meseleleriň çözgüdinde dünýä ýurtlary hyzmatdaşlyga çagyrýandyr.

Olaryň biri hem Aral tragediýasy bolup durýandyr.

Hut şu ýerde – Aral deňziniň guramagy zerarly ýüze çykan ekologiki betbagtçylygyň zolagynda, tebigata, howa, Aralyň töwereginde we onuň çäginden uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýän howa akymlary emele gelýär. Guran Aralyň düýbündäki aýratyn zyýanly maddalary ýaýradýan tozanly-duzly tupanlar müňlerçe kilometre ýaýraýar hem-de adamyň saglygy üçin hakyky howp döredýär.

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bu halkara düzüminiň işiniň işjeňleşdirilmegi boýunça ençeme möhüm hereketleri amala aşyrdy. Hususan-da, geçirilen guramaçylyk häsiýetli çäreleriň netijesinde AHHG-nyň ähli edaralarynyň we komissiýalarynyň ulgamlaýyn esasdaky işi mümkin boldy. Köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçylarynyň Sammiti geçirildi. Türkmenistanyň bu Gazna başlyklyk etmeginiň üç ýylynyň içinde Aralyň ekologiki betbagtçylygynyň sebitde tebigaty goramak, durmuş-ykdysady, ynsanperwer meselelerini çözmäge ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljekki bilelikdäki hereketlerine gönükdirilen wajyp çözgütler we resminamalar kabul edildi.  

Türkmenistan şeýle-de BMG-de we beýleki halkara meýdançalarynda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň ýörite maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi baradaky başlangyjy işjeň ýagdaýda öňe sürýär. Bu işde ähmiýetli netijeler hem bardyr.

Türkmen tarapy häzirki wagtda AHHG-na başlyklyk etmek wezipelerini amala aşyrýan Täjigistanyň hem Gaznadaky bilelikdäki işleriň çarçuwasynda Türkmenistanyň konstruktiw başlangyçlarynyň dowam etdirilmegi üçin zerur tagallalary alyp barjakdygyna umyt edýär.

Aral meseleleriniň toplumynyň çözülmeginde bilelikdäki utgaşdyrylan işiň has hem şu günki günde, ýagny bütin dünýäniň ählumumy howpa – koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşýän döwründe aýratyn derwaýyslyga eýe bolýandygyna ynanýarys.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, işjeň hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine päsgel berýän haýsydyr-bir maglumat çykgytlarynyň talabalaýyk bolmadyk häsiýetini nygtamak bilen, döwetleriniň esasy ünsüniň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gönükdirilmeginiň zerurlygyny belleýär.

Türkmenistanyň DIM-niň

Metbugat gullugy

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi