2024-nji ýylyň 25-nji martynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň gurnamagynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi.
«Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynam ýoluna 300 ýyl eýerip» şygary astynda geçirilen çäre, Bütindünýä şygryýet gününe bagyşlandy.
Dabaraly çärä BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň wekilhanasynyň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň wekilleri, EKOSOS-yň başlygy, BMG-niň agza döwletleriniň hemişelik wekilleri we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda, 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi hakynda kararyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa çäräniň açylyş dabarasynda türki dünýäsiniň akyldarlaryna we şahyrlaryna täsir etmek bilen, Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň milli we dil çäkleriniň daşyna çykýandygyny nygtady.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, häzirki Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň, Kawkazyň, Eýranyň, Russiýanyň, Ýakyn Gündogaryň çäklerine uly geografiki sebite, şahyryň baryp gören ýerlerine ýaýrapdyr. Bu ýagdaý onuň dünýägaraýşynda yz galdyryp, beýleki halklara we medeniýetlere hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine easaslanýan çemeleşmeleriniň özenine öwrüldi.
Şol bir wagtyň özünde dünýäniň beýleki künjeklerine bolmak bilen, türkmen halkynyň ilçisi hökmünde çykyş edip, Magtymguly Pyragy öz Watany, däp-dessurlary barada bilimleri ýaýradypdyr, şeýle hem häzirki zaman düşünjesinde siwilizasiýalaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrypdyr.
Çäräniň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanda alnyp barylýan daşary syýasatyň beýik şahyryň dünýä bileleşiginde türkmen halkynyň eýeleýän orny baradaky garaýyşlarynyň dowamy bolup durýandygy aýratyn bellenildi.
Hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ählumumy parahatçylygy we ynanşmagy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine gabat gelmeginiň aýratynlygy nygtaldy.
Çäräniň barşynda häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk medeniýetini ösdürmekde poeziýanyň ornuna aýratyn üns berildi. Magtymguly Pyragynyň eserleri bilen bir hatarda şu ýyl ýubileýi bellenýän Parwina Etesaminiň 100 ýyllygy (Eýran), Luis Was de Kamoensyň 500 ýyllygy (Portugaliýa), Berdibek Sokpakbaýewiň 100 ýyllygy (Gazagystan), Ibn Ruzaýkyň 150 ýyllygy (Oman), Ažiniýaz Kosybaý oglynyň 200 ýyllygy (Özbegistan), Zbignew Gerbertyň 100 ýyllygy (Polşa) ýaly dürli döwletleriň filosoflarynyň we şahyrlarynyň eserlerinden setirler okaldy.
Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada wideoşekiller görkezildi. Gatnaşyjylara türkmen şahyrynyň iňlis dilindäki eserler ýygyndysy we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.