icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 ýanwar 2017

3641

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň KONSEPSIÝASY

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etjek döwründe bu Konsepsiýada alyp baryljak işleriň esasy ugurlary kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistan bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegini Durnukly Ösüş Maksatlary bilen baglanyşykly amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde öz öňünde duran aşakdaky wezipeleri ileri tutýar:

- Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny (ADSM-4) işläp taýýarlamak;

- Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hukuk esaslaryny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw serişdelerini dolandyrmaga hem-de daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardamyny bermek;

- suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda sebitleýin maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldamak;

- maglumatlary alyşmak işini üpjün etmek, şeýle hem Aral deňziniň sebiti boýunça bitewi sebitleýin maglumatlar ulgamynyň we onuň binýadynyň döredilmegine ýardam bermek, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasyna gözegçiligi amala aşyrmak (ADSM);

- sebitdäki ýurtlaryň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüş babatdaky guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmek.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde Gaznanyň halkara abraýynyň hemmetaraplaýyn we durnukly ösüşi baradaky häzirki zamanyň ählumumy hadysalary babatda onuň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna ählitaraplaýyn ýardamyny berer.

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny (ADSM-4) syýasy, guramaçylyk we hukuk wezipelerine aýratyn möhüm orny bermek bilen taýýarlamagy göz öňünde tutýar, bu bolsa öz gezeginde suw diplomatiýasy boýunça başlangyç tapgyryň durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agzalýan maksatlary durmuşa geçirmek bilen bagly, Merkezi Aziýa döwletlerinde köptaraplaýyn maslahatlaryň, maksatnamalaýyn okuwlaryň we konferensiýalaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

“Suw diplomatiýasy” baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etjek döwründe, Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Şonuň bilen baglylykda, görkezilen resminamada Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynda suw meseleleri boýunça esasy garaýyşlary hem-de kadalary berkitmek maksada laýyk hasaplanylýar we onda sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri doly göz öňünde tutulmalydyr. Geljekde Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy Suw strategiýasy işlenip taýýarlananda esas bolup çykyş edip biler.

Şeýle hem, bu döwürde Türkmenistan Durnukly ösüş baradaky döwletara toparynyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy goramak baradaky hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny kämilleşdirmek hem-de Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça (ADSM) daşky gurşawy goramak bölümine bu sebitleýin täze maksatnamanyň esasy ugurlarynyň girizilmeginiň tekliplerini taýýarlap, resmi ýagdaýda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletlere ugradylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan mundan beýläk hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň sebitleýin özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegine we daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüş babatdaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn mehanizmleriniň döredilmegine gönükdirilen anyk teklipleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça çykyş eder.

Hususan-da, Türkmenistan Howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar baradaky Sebitleýin Merkezini döretmek boýunça öňe süren teklibini durmuşa geçirmek barada degişli işleri güýçlendirer. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwründe bu Merkezi döretmek ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň ähli guramalary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça zerur bolan çäreleri geçirer.

Türkmenistan durnukly ösüş ulgamy babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlyk binýady hökmünde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň guramaçylyk esaslarynyň berkidilmegi ugrunda işjeň ýardamyny berer.

Şonuň bilen baglylykda, 2006-njy ýyldaky Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklamak we güýje girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň barşynda Aral deňzi sebitindäki ýurtlara zerur bolan Aral deňziniň meselelerini çözmäge amatly şertleri we halkara guramalar bilen bilelikde maýa goýumlaryny çekmäge giň mümkinçilikleri döreder.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwründe Türkmenistan tarapyndan Gaznanyň öňünde goýlan maksatlary we meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek, sebitdäki ýurtlar üçin Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda sebitleýin we halkara syýasatynyň meýilleşdirilmegine işjeň gatnaşmaga zerur bolan şertleri döreder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi