icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

14 maý 2024

1822

Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki terjimeleriniň doly ýygyndysy neşir edildi

2024-nji ýylyň maý aýynda Ukrainada Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Магтимгули Пираги. 300 рокiв 3 дня народження. Одкровення» şahyrana ady bilen edebi-çeper neşir çapdan çykdy.

Häzirki wagtda neşir Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain dilindäki terjimeleriniň iň doly ýygyndysy bolup durýar. Täze neşir 323 sahypadan ybarat bolup, «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem­de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204­sini öz içine alýar. Neşiriň awtory we düzüjisi Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň Žurnalistika institutynyň žurnalistika we täze media kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir. Täze neşir awtoryň türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan ilkinji eseri däldir. Köp ýyllaryň dowamynda Nikolaý Waskiw Magtymgulynyň döredijiligini Ukrainada hem-de daşary ýurtlarda öwrenmek we wagyz etmek boýunça işleri alyp barýar. Türkmen edebiýaty hem-de medeniýeti, türkmen­ukrain medeni gatnaşyklary awtoryň gözlegleriniň hemişelik obýekti bolup durýar.

Kitap Magtymgulynyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şahyryň baý edebi mirasy hakyndaky sözleri bilen başlanýar.

Neşiriň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň, XX asyryň we biziň döwrümiziň meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri tarapyndan ukrain diline terjime edilen goşgularyndan ybaratdyr. Olaryň arasynda ukrain şahyry Wladimir Sosyura, terjimeçi-şahyr Nikolaý Tereşçenko, ýazyjy we edebiýatşynas Miçislaw Gasko, şahyr, proza ýazyjysy we dramaturg Natalýa Zabila, terjimeçi Iwan Puçko, ýazyjy we şahyr Petr Doroşko we XX asyryň medeniýet işgärleri, şeýle hem döwlet baýragy bolan «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýeleri, döwürdeşlerimiz Pawel Moççan we Alekseý Kononenko ýaly ýazyjylar we şahyrlar bardyr.

Ukrain dilindäki terjimeleriň doly ýygyndysy Magtymgulynyň edebi mirasyny we çuňňur filosofiki pikirlerini öwrenmekde hem-de ýaýratmakda örän gymmatly goşant bolup durýar. Elbetde, bu kitap Magtymgulynyň işini öwrenýän alymlar, taryhçylar we filologlar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary üçin peýdaly bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi