2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary» atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.
Bir hepde dowam eden sergide dürli ýaşdaky okyjylar we kitaphana gelýänler Türkmenistanyň taryhy, binagärligi, medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdylar. Kiýew şäheriniň 8 sany umumy bilim berýän, ýöriteleşdirilen we hünärment mekdepleriň okuwçylaryna, şeýle hem žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlara toparlaýyn gezelençler guraldy.
Bu ýerde olara Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy we arheologiki ýadygärlikleri: ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç şäherlerini we Gadymy Nusaý galasy baradaky suratlar görkezildi hem-de olaryň taryhy barada gürrüň berildi.
Kitap sergisinde «Магтимгули Пираги. 300 рокiв 3 дня народження. Одкровення» atly ýygyndy bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň ukrain we beýleki dillere terjime edilen bahasyna ýetip bolmajak ýygyndylary, görnükli türkmen akyldary hakynda ýazylan kitaplar, şeýle hem özboluşly neşir bolan Taras Şewçenkonyň türkmen dilindäki kitaby ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen köp sanly eserleri hem-de beýleki köp sanly gyzykly edebiýatlar sergide ýerleşdirilipdir.