2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda Owganystanyň Daşary işler ministrliginde RECCA ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylarynyň birinji maslahaty geçirildi. Maslahata RECCA sebitiniň ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylary, Ilçiler, ýurtda işleýän ilçihanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Owganystanyň Daşary işler ministriniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary hanym Adela Raz açdy, soňra Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mohammad Ismail Rahimi, Türkmenistanyň Owganystandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ruslan Tekaýew, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hasan Soruş dagylar çykyş etdiler.
Maslahat günüň dowamynda RECCA VII meseleleri boýunça, Jarnamanyň ilkinji taslamasy, ileri tutulýan taslamalar, çäreleriň meýilnamasy, her ýylda geçirilen çäreleriň seljermesi hem-de 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek ministrler derejesindäki mejlisiň maksatnamasyny interaktiw ara alyp maslahatlaşmalar görnüşinde geçirildi.
RECCA VII maslahatynyň mowzugy hökmünde RECCA ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylarynyň birinji maslahaty tarapyndan “Infrastruktura maýa goýumlary çekmegiň we hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň hasabyna özara hereketleri çuňlaşdyrmak we söwdany giňeltmek” diýen şygar kabul edildi.
Maslahata gatnaşyjylar umumy meýilleşdirmekde, utgaşdyrmakda, ileri tutulýan taslamalar we çäreler boýunça ediljek hereketlerde RECCA-nyň Sekretariaty bilen esasy aragatnaşyk saklajak RECCA ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylarynyň ornunyň we borçlarynyň ähmiýtini bellediler.
Jarnamanyň taslamasynyň üstünde işleri dowam etdirip, ony RECCA VII ýurtlarynyň ministrleriniň mejlisine çenli geçirilmegi meýilleşdirilýän RECCA ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylarynyň ikinji maslahatynyň dowamynda tamamlamak ylalaşyldy.
RECCA ýurtlarynyň milli utgaşdyryjylarynyň topary täzelikde RECCA maslahatynyň çäklerinde meýilleşdirmegi, utgaşdyrmagy we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen döredildi.