Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.
“Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnama kabul edildi. Ol ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işiň doly derejeli halkara guralyny döretmäge degişlidir.
Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça birnäçe teklipleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistan AHHG-de başlyklyk edýän döwründe AHHG-niň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde onuň ähmiýetini artdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýär.
BMG-niň täze Kararnamalarynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy diplomatiýasynyň nobatdaky uly üstünligidir we milli Liderimiziň halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekdäki, tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy netijeli hem-de döredijilikli ösdürmekdäki hyzmatlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.