28 oktýabr 2015
7553
Şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, güýçli ýer titremede ejir çeken doganlyk owgan halkyna ilkinji kömegi bermek maksady bilen üstüne gurluşyk serişdeleri we iýmit önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni Owganystana ugradyldy.
Bolup geçen tebigy betbagtçylyk hakyndaky habara gaýragoýulmasyz jogap edip, Türkmenistan ilkinji bolup doganlyk owgan halkyna özüniň kömek-goldawyny berdi. Ugradylan ynsanperwerlik kömegi Badahşan, Tahar, Nangarhar, Kunar we Kabul welaýatlarynyň heläkçilik çeken etraplaryna paýlanyp berler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
2015-nji ýylyň 28-nji oktýabry
Başga habarlar
23
Oct
Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi geçirildi
23
Oct
Wenada Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglar gowşuryldy
22
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
19
Oct
Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň üçünji mejlisi geçirildi
19
Oct
Daşkentde «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Ähli habarlary görmek