TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Hemişelik wekili Atageldi Baýjanowiç Haljanow şol bir wagtda Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.