icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

01 oktýabr 2018

2603

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşy

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!

Hanymlar we jenaplar!

Ozaly bilen, hanym Mariýa Fernanda Espinos Garsesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlamaga hem-de oňa jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň. Şeýle hem 72-nji maslahatyň Başlygy jenap Miroslaw Laýçaga bu wezipede başarnykly we netijeli işländigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahaty halkara syýasatynda çylşyrymly meýilleriň dowam edýän ýagdaýynda geçýär. Dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna garamazdan, Ýer ýüzüniň birnäçe sebitlerinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar, gapma-garşylyk zolaklarynyň giňelýändigi duýulýar hem-de şol wagtyň özünde ählumumy ösüşiň ýollaryna we geljegine garaýyşlarda ynamyň hem-de özara düşünişmegiň umumy derejesi peselýär.

Şeýle şertlerde ählumumy, ygtybarly we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesi bütin äşgärligi we ýitiligi bilen ör-boýuna galýar, her bir döwletiň üstüne dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçiligi ýükleýär.

Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiniň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris. BMG-niň şeýle wezipä eýe bolmagynyň hakykata laýyk gelýändigi şübhe astyna alnyp bilinmez. BMG halkara howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramasydyr.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň özara ynamyň pese gaçmagyny ýeňip geçmäge hem-de agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam berer diýip umyt edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Аbadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Biziň bu başlangyjymyz dartgynlylygyň peseldilmegine, jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine, bu babatda jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Uzak möhletleýin we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleri üçin örän möhüm mesele bolup durýar. Terrorçylyga garşy göreş sebit gün tertibiniň örän möhüm ugrudyr.

Ýaragsyzlanmak meseleleri, neşe serişdeleriniň getirilmegine garşy göreş, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw bermek boýunça hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda örän wajypdyr.

Şunda, biziň pikirimizçe, Owganystanyň iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga doly derejeli hyzmatdaşyň hukuklarynda gatnaşdyrylmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýle ýagdaýda Owganystan üçin strategik mümkinçilikleri görýäris, onuň sebit we ählumumy işlerde eýeleýän orny owgan halkynyň abadançylygynyň we ösüşiniň kepili bolup durýar.

Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri geçirmek bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýar, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny alyp barýar, bu taslamalar halkara hyzmatdaşlary hem-de iri maliýe edaralary tarapyndan goldanyldy. Şeýle hem owgan ugry boýunça täze demir ýoly guruldy.

Biz Owganystana durmuş maksatly desgalary gurmak, ynsanperwerlik ýüklerini ibermek, bu ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak arkaly ynsanperwer kömegini bermegi dowam edýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy, birnäçe anyk teklipleri girizdi. 2015-nji ýylda Bütindünýä sammitinde Ählumumy Gün tertibi we Durnukly ösüş maksatlary kabul edilenden soňra, biziň ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalara uýgunlaşdyrmaga girişdi. Munuň üçin ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň degişli hemişelik hereket edýän guraly döredildi.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugruna eýedir. Gürrüň azyk howpsuzlygyny we ilatyň iýmitlenmeginiň gowulandyrylmagyny, ýerlerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ähli zenanlar hem-de gyzlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi, giň gerimli, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleriň döredilmegi arkaly doly gender deňligini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar barada barýar.

Şunuň bilen bir wagtda, biz suw serişdeleriniň elýeterli bolmagyny hem-de rejeli peýdalanylmagyny we hemmeler üçin arassaçylyk kadalarynyň üpjün edilmegi ýaly wezipäniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan suw — dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgä berk eýerýär. Suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, olaryň ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylygy we durmuşynyň hil derejesi gönüden-göni baglydyr. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, hormat goýmak, jogapkärçilik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda esas goýujy, kesgitleýji ölçegler bolmalydyr.

Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, hemişe sebitimizde suw-energetika meseleleriniň aşakda beýan edilen şertlerde çözülmelidigini nygtaýar:

— birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda;

— ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen;

— üçünjiden, halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda.

Bu biziň üýtgewsiz garaýyşlarymyzdyr hem-de şolara esaslanmak bilen döwletleriň we halkara düzümleriniň arasynda ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli gepleşikleri ýola goýmak boýunça işi dowam ederis. Diňe şeýdilende, oňyn netijeleri gazanmagyň, bähbitleriň berk we durnukly deňeçerligini üpjün etmegiň mümkindigine ynanýaryn.

Aral deňzini halas etmek meselesi sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda örän möhüm mesele bolup durýar. Araly halas etmek meselesine eýýäm köp wagtdan bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Häzirki wagtda bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy talap edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişdik.

BMG-niň agza döwletlerini biziň teklibimizi goldamaga çagyrýaryn. Munuň üçin şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi netijeli binýat bolup durýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Hazar deňzi ýene bir möhüm mesele bolup durýar. Şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekmegi Hazarýaka sebitini halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr we energetika strategik geçelgeleriniň birine, giň maýa goýum, söwda, ykdysady iş we goşulyşmak merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ulgamlarda ykdysady we täjirçilik babatynda doly esaslandyrylan, şolara gatnaşyjylar üçin bähbitli, yklymda howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna düýpli täsir etmäge ukyply hem-de uzak möhletleýin häsiýetli taslamalary amala aşyrmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunuň ýaly taslamalara maýa goýumlary, hakykatdan-da, geljek üçin maýa goýumlarydyr.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýurdumyzyň durmuşyna, onuň okgunly ösüşine we abadançylygyna netijeli gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris hem-de olaryň tutanýerli zähmeti üçin bu edaralaryň işgärlerine aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterreşe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hut özüniň ýadawsyz üns berýändigi, biziň başlangyçlarymyzy we tekliplerimizi goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi