2019-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň rezolýusiýanyň kabul edilmegi mynasybetli ýollan gutlagyny okady.
Brifingiň dowamynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçy N.German, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy G.Baýjanow, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, ýurdumyzyň alymlary we bilermenleri çykyş etdiler.
Brifingiň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselesinde BMG-niň agza-göwletleriniň tagallalarynyň mundan beýläk hem utgaşdyrylmagyna gönükdirilen rezolýusiýa hakynda jikme-jik maglumatlar berildi.
Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, bu rezolýusiýa Aral deňziniň basseýniniň ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bilen birlikde Aral çökgünliginiň netijeleriniň ýeňilip geçilmegi boýunça täsirli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda Türkmenistanyň tagallarynyň ykrarnamasy bolup durýandyr.