icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 iýun 2014

29689

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýa gullugynyň esasyny düzmek, beýleki döwletlerde we halkara guramalarynda, daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda, dünýäniň maglumatlary we hukuk giňişliginde Türkmenistana wekilçilik etmek hut siziň wezipäňiz bolar. Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň, öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň, watançylar boluň, ýöne şunda beýleki ýurtlara we halklara, olaryň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýuň. Halkara parahatçylygyny, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek siziň borjuňyzdyr. Bu belent ýörelgeler ýol görkeziji şamçyrag, bu gün okuwyňyzyň, ertir bolsa siziň işiňiziň esasy many-mazmuny bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak institutyň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan institutyň gurluşyna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň 4-si hereket edýär:

— Halkara gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara hukugy fakulteti;

— Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti;

— Halkara žurnalistikasy fakulteti.

Institutda kafedralaryň 6-sy bar:

1. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy;

2. Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy;

3. Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;

4. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy;

5. Dünýä dilleri kafedrasy;

6. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy.

Institut Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde 1 sany ylymlaryň doktory, 7 sany ylymlaryň kandidaty, 1 sany dosent, 14 sany uly mugallym, 31 sany mugallym we 4 sany öwreniji mugallym zähmet çekýär.

2020-2021-nji okuw ýylynyň başyndaky ýagdaýa görä, institutyň mugallymlary tarapyndan çap edilen kitaplaryň sany 53-e ýetip, şol sanda 37 sany okuw kitaby, 3 sany okuw gollanmasy, 5 sany monografiýa we 8 sany sözlük neşir edildi.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» geosyýasy we geoykdysady, hukuk, medeni-gumanitar ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen institutda 6 sany ugur boýunça  köpçülikleýin ylmy işler hasaba alnyp, her kafedrada öz ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan bellige alnan temalara laýyklykda ylmy işleri alyp barýar.

2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2009-2020-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 586-sy instituty tamamlap, şolaryň 88-si tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular. Institutyň uçurymlarynyň 141-si ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna (25-si institutymyzyň özünde), hukuk goraýjy edaralaryna        63-si, Ykdysady we maliýe toplumyna 102-si, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetine, şäher we welaýat gazetleriniň redaksiýalaryna 52-si, şeýle hem 228-si dürli edara-kärhanalara işe ugradyldy. Olaryň birnäçesi Diýarymyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda işleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda çykaran 13031-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçmekleriniň tertibi hakynda Düzgünnama esasynda 2014—2019-njy ýyllar aralygynda institutyň       5-nji ýyl talyplarynyň 131-si döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçdiler.

MERKEZLER

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi 2016-njy ýylda açylyp, merkezde «Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi); «Diplomatik poçta we hat alşygy», «Arhiw işi» ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuw merkeziniň uçurymlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynda iş tejribeligini geçenden soň, döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryna işe ugradylyp, ol ýerlerde iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi), iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak, resminamalary bir nusga getirmek, diplomatik poçta we hat alşygy, diplomatik çapar, diplomatik resminamalar bilen işlemek, arhiw işi, resminamalary saklamak we olaryň durkuny dikeltmek, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak boýunça işleri alyp barýarlar. Şu wagta çenli okuwlaryň dört tapgyrynda 86 sany hünärmen taýýarlanylyp, olaryň 4-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna işe kabul edildi, galanlary dürli pudaklarda zähmet çekýärler.

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy. Merkeziň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün etmek hem-de degişli ylmy-usulyýet işlerini geçirmek bolup durýar. Merkezde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň gazanan tejribesini wagyz etmek boýunça okuwlar gurnalýar. Bu ýerde Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bilim ulgamynyň işgärleri üçin okuwlaryň birnäçe tapgyry guraldy. Şeýle hem, merkezde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlykda Durnukly ösüş maksatlaryny we wezipelerini mazmun hem-de usuly-amaly taýdan beýan etmek boýunça ylmy-tejribe işleri hem alnyp barylýar. Durnukly ösüşiň maksatlaryny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek boýunça usuly maslahatlar berilýär. Olar boýunça elektron maglumat gory döredilýär.

2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň energetika, ulag, suw we beýleki ugurlarda amala aşyrýan işlerini hem-de Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny ylmy esasda öwrenmäge ýardam berdi. Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny, ilkinji nobatda energetika, ulag we suw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek esasynda hünär öwreniş we hünär kämilleşdiriş maksatly okuwlary guramakdan ybaratdyr.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda, okuw merkezinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylmy-barlag we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri işjeň çekilýär hem-de diňleýjilere ýurdumyzyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça amala aşyrylýan işleriň halkara ähmiýeti barada giňişleýin düşünje berilýär.

Merkezde okuw işleri talyplar üçin niýetlenen ýörite hem-de fakultatiw okuw dersleri, maksatlaýyn okuwlar görnüşinde alnyp barylýar. Merkeziň okuw işleri degişlilikde usulyýet, ylmy-barlag we tejribe öwreniş işleri bilen utgaşdyrylýar. Şu maksat bilen, Merkezde işleýän mugallymlar tarapyndan okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy-teoretiki we amaly-tejribe häsiýetli makalalar taýýarlanylýar hem-de şol ugurlar boýunça maglumat binýady döredilýär. Merkez amala aşyrýan işlerine degişli meseleleri netijeli çözmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň belent talaplaryna jogap berýän täze mazmunly hem-de işjeň häsiýetli diplomatiýasynyň emele gelmegi we onuň BMG derejesinde energetika, ulag, suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn halkara-hukuk binýadyny döretmekde aýgytlaýjy orun eýelemegi Merkeziň ulgamlaýyn işiniň esasyny düzýär. Institutyň sanly bilim portalynda okuw merkeziniň ýörite elektron bölümi döredildi. Bu döredilen bölümde esasan hem meýilnama esasynda geçirilýän umumy we söhbet sapaklaryň ýazgylary, makalalar, çykyşlar, prezentasiýalar, şeýle hem energetika, ulag, suw diplomatiýasy boýunça elektron maglumatlary we wideoşekilleri ýerleşdirmek yzygiderli dowam etdirilýär.

BÄSLEŞIKLER WE OLIMPIADALAR

Institutyň talyplary ýerli we halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, abraýly baýraklara hem eýe bolýarlar. 2010-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşige institutyň ýaş mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşyp, 5 sany I orna, 9 sany II orna, 8 sany III orna mynasyp boldular.

Institutyň talyplary halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinede baýrakly orunlary eýeleýärler. 2011-nji ýylda Ysraýyl döwletiniň Ariel şäherinde geçirilen matematika dersi boýunça 7-nji Halkara Internet olimpiadasyna gatnaşyp, institutyň 1 talyby kümüş medala mynasyp bolan bolsa, 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň 2016—2017-nji okuw ýylynyň talyplary üçin rus dili dersi boýunça II Bütinrussiýa internet olimpiadasynda “I derejeli ýeňiji”, 2017—2018-nji okuw ýylynda 1 talyp “Beýik Britaniýanyň gözel ýerleri” atly iňlis dili dersi boýunça Bütinrussiýa internet olimpiadasynda «I derejeli ýeňiji»; ýene 1 talyp ekologiýa boýunça Bütinrussiýa olimpiadasynda «III derejeli ýeňiji» adyna eýe bolmagy başardy. 2018—2019-njy okuw ýylynda bolsa “English Square” atly iňlis dili dersi boýunça Bütinrussiýa internet olimpiadasynda 3 sany talyp I orna, 2019—2020-nji okuw ýylynda 1 talyp 5-nji Halkara internet olimpiadasyna iňlis dili we taryh dersleri boýunça “Mastering your English” hem-de “Герои Отечественной войны 1812 года” internet bäsleşiklerine gatnaşyp, III orna mynasyp boldy. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow 2019-njy ýylyň mart aýynda Bolgariýa döwletiniň Dewin şäherinde geçirilen 13-nji Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika bäsleşiginde (SEEMOUS— 2019), aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen 6-njy Demirgazyk döwletleriniň uniwersitetleriniň “Matematika” dersi boýunça bäsleşiginde, maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde geçirilen Açyk halkara internet Matematika olimpiadasynda (OIIO—2019) hem II orunlary eýeläp, kümüş medallary gazandy. 2019-njy ýylyň 21-27-nji sentýabry aralygynda bolsa, ol Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetinde okuw saparynda bolup, şol ýerde guralan bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi we baýrakly II orna (II derejeli diploma) mynasyp boldy. Talyplarymyz 2020-nji ýylda geçirilen açyk internet bäsleşiginde Ekologiýa dersi boýunça diploma we bürünç medala mynasyp boldular, BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli A.A.Gromyko adyndaky GDA-nyň “Ýaş halkaraçylary” atly  bäsleşigine, Germaniýanyň “DAZ” gazeti tarapyndan guralan “Durnukly Merkezi Aziýa” temasy boýunça ýaş žurnalistleriň arasynda geçirilen makala bäsleşigine gatnaşyp, sertifikatlar bilen sylaglandylar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Ykdysadyýet, Filosofiýa, hytaý dili boýunça (I we II derejeler) açyk internet olimpiadasynda, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny wagyz etmek maksady bilen gurnalan düzme ýazmak boýunça bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Institutyň talyp ýaşlary BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik wekilhanasynyň guramagynda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda BMG-niň göçme Kubogyny eýelemek ugrunda dürli temalardan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen zehin bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

OKUW STUDIÝASY

Türkmenistanda ilkinji gezek açylan Halkara žurnalistikasy hünärinde okaýan talyplaryň öz bilimlerini kämil derejede özleşdirmegi, alan nazary bilimlerini döredijilik bilen utgaşdyrmagy üçin institutda 2015-nji ýylda häzirki zaman okuw studiýasy açylyp, ulanylmaga berildi. Оnda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri barada telegepleşikler ýazgy edilip, ýurdumyzyň dürli teleýaýlymlary arkaly tomaşaçylara yzygiderli ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryny, şol sanda halkara başlangyçlarymyzy şöhlelendirýän obýektiw we takyk maglumatlara bolan islegi kanagatlandyrmagy üpjün etmegiň zerurlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Alymlaryň we diplomatik gullugyň işgärleriniň konstruktiw pikir alyşmalarynyň meýdançasyna öwrülen “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly gepleşik hem hut şu maksatlara gönükdirilendir. Bu gepleşik “Türkmenistan” teleýaýlymynda 7 dilde ýaýlyma berilýär. Şeýle-de “Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde”, “Parahatçylyk döretmegiň sungaty” atly gepleşikler  “Türkmenistan” teleýaýlymynda 7 dilde, “Milli Lider we Bitaraplyk” atly gepleşik yzygiderli ýazgy edilip, “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynda ýaýlyma berilýär.

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

Institutyň halkara hyzmatdaşlygy has-da giňelýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen 24 döwletiň ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada resminamalaryň 26- syna gol çekildi. Şol resminamalara laýyklykda, hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça belli bir işler durmuşa geçirildi.

Institutyň mugallymlary öz hünär ugurlary boýunça hem-de halkara bilim maksatnamalarynyň çäginde Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Täjigistanda, Türkiýede, Pakistanda, Eýranda, Günorta Koreýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Malaýziýada, Hindistanda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Bolgariýada, Polşada, Daniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstriýada, Şweýsariýada, Fransiýada, Belgiýada, Niderlandlar patyşalygynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Horwatiýada, Rumyniýada, Katarda, Moldowada, Litwada, Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk we okuw saparlarynda boldular.

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHY MUZEÝI

Muzeý iki bölümden, ýagny türkmen diplomatiýasynyň taryhy we häzirkizaman bölümlerinden ybaratdyr. Taryh bölümi maglumatlar bilen baýlaşdyrylandyr. Hususan-da, onuň tekjelerinde diplomatik resminamalaryň görnüşleri – Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdary Atsyzyň Bagdat halyfy Muktefi Liemrillä çäksiz hormatyny bildirip ýazan haty, Mustanjyt Billäni halyflyk tagtyna geçmegi bilen gutlap ýazan haty, Şirwanylar döwletiniň wezirine nesihat hökmünde ýazan hatynyň göçürme nusgalary saklanylýar. 2015-nji ýylyň 21-nji iýuny – 4-nji iýuly aralygynda institutyň 4 sany mugallymyndan ybarat wekiliýetiň Türkiýäniň Stambul şäheriniň Osmanly arhiwinde we golýazma gaznalarynda geçiren ylmy barlag-işleriniň netijesinde Osmanly arhiwinden 102 sany, Süleýmaniýe golýazmalar gaznasynda saklanylýan türkmen diplomatiýasy, taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly 27 sany golýazma kitaplarynyň käbirleriniň CD nusgasy muzeýe getirildi. Muzeýiň häzirkizaman bölüminde institutyň gurluşy, institutyň täze binasynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň eden taryhy çykyşyndan pursatlar, Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň iberen gutlagynyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary boýunça geçirilen halkara maslahatlar, forumlar barada doly maglumatlar, institutyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşan Ähtnamalarynyň sanawy ýerleşdirilen diwarlyklar, institutyň professor-mugallymlary tarapyndan ýazylan okuw kitaplary ýerleşdirilen tekjeler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde geçirilýän “Ýaş alymlaryň” bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän ylmy işler, awtoreferatlar, kitaplar, ylmy makalalar, Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerine neşir edilen kitaplary barada maglumatlar we suratlar ýerleşdirilendir.

YLMY GURNAKLAR

Institutda birnäçe gurnaklar hereket edýär. «Ýaş diplomatlar» ylmy gurnagynyň esasy ugry Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň derwaýys meselelerini öwrenmekden we ylmy-barlag tejribesini toplamakdan, maksady bolsa talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we olaryň arasyndan zehinleri saýlap, geljekde has çuňlaşdyrylan görnüşde ylmy işleri ýazmaga çekmekden hem-de ylmy teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. «Ýaş diplomatlar» gurnagynda dürli işler geçirilýär. Gurnagyň agzalary tarapyndan döwrüň derwaýys halkara meseleleri, aýratyn hem ulag, energetika, ekologiýa, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlarynyň ugurlary boýunça seljeriş işini geçirmek işi hem gurnagyň agzalary tarapyndan dowam etdirilýär. Talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmek we bu babatdaky başarnyklaryny yzygiderli artdyrmak maksady bilen ýyllyk we diplom işleriniň ýazylyşyna gözegçilik edilýär, ýakyndan ýardam berilýär.

«Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň esasy ugry Halkara hukugynyň we deňeşdirme hukugynyň hem-de milli kanunçylygyň derwaýys meselelerini öwrenmekden, maksady talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we bu babatdaky başarnyklaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Gurnagyň agzalary tarapyndan Halkara hukugy fakultetiniň ähli talyplaryna, hususan-da, kiçi ýyl talyplaryna ylmy-barlag endiklerini ösdürmek we bu babatdaky başarnyklaryny yzygiderli artdyrmak, ýyllyk we diplom işleriniň ýazylyşyna gözegçilik etmek baradaky işlerine Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary bilen birlikde yzygiderli ýakyndan ýardam we maslahatlar berilýär.

«Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň esasy ugry Dünýä ykdysadyýetiniň we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini öwrenmekden, maksady talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmekden we bu babatdaky başarnyklaryny artdyrmakdan, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy barada ylmy teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Gurnagyň agzalary tarapyndan döwrüň derwaýys halkara ykdysady meseleleri, aýratyn hem ykdysadyýet, maliýe, energetika, ulag, ekologiýa, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça ylmy işler alnyp barylýar.

«Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň esasy ugry talyplaryň köpçülikleýin habar beriş ulgamyna degişli ylmy işleri ýazmaga ukyplaryny artdyrmak we ylmy işlerine degişli makalalary ýazyp, ylmy we merkezi metbugatlarda çap etdirmek, telegepleşikleri alyp barmagy we guramagy öwrenmek babatynda goşmaça döredijilik başarnyklaryny emele getirmek bolup durýar. Gurnagyň esasy maksady talyplaryň  žurnalistika ugrundan iş ýüzündäki başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýylyň dowamynda talyplaryň özara işjeňligini gazanmak maksady bilen  Halkara žurnalistikasy fakultetiniň toparlarynyň arasynda “Iň gowy gepleşik taýýarlamak”, “Iň köp kitap okan talyp”, “Metbugatda iň köp çykyş eden topar” atly bäsleşikler gurnalýar. Ýylyň dowamynda «Ýaş žurnalistler» gurnagynyň düzüminde hereket edýän «Umman» kitaphanasynyň hem kitap gory artdyrylýar. Şeýle-de bu gurnagyň çäginde okuw  studiýasy, “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazetiniň redaksiýasy, institutyň çäginde taýýarlanyp, ýaýlyma berilýän “Žurnalistiň sesi” atly radioýaýlymy hereket edýär.

«Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň esasy ugry halkymyzyň ylmy-filosofik we taryhy-logiki mirasyny, diplomatiýanyň psihologik medeni-däp ýörelgelerini öwrenmekden, dünýäde meşhur akyldarlaryň eserlerini öwrenmek bilen ylmy maglumatlary taýýarlamakdan ybarat bolmak bilen, esasan hem talyplaryň medeni-filosofik dünýägaraýşyny giňeltmegi we baýlaşdyrmagy maksat edinýär. Gurnagyň agzalarynyň ylym-bilime bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak babatynda hem dürli görnüşli duşuşyklar, bäsleşikler geçirilýär.

“Lingvo World” ylmy gurnagynyň esasy ugry talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekden, dil baýlygyny artdyrmakdan, halkaraçy hünärmeniň dil babatyndaky taýýarlygynyň wajypdygyny düşündirmekden ybaratdyr. Gurnakda BMG-niň resmi günleri, ýagny Halkara terjime güni, Halkara parahatçylyk güni, Köpdillilik Rezolýusiýasy, BMG-niň resmi dilleriniň güni bilen bagly bäsleşiklerdir duşuşyklary guramak indi däbe öwrüldi. Şeýle hem gurnagyň agzalary, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalýan daşary ýurtlaryň kino günlerine gatnaşyp, öz öwrenýän dillerinde filmlere tomaşa edýärler, guralýan sergilere aýlanýarlar. Talyplaryň hünär adalgalaryny özleşdirmekleri, öz hünär ugurlaryna dahylly tekstleri okap, düşünip bilmekleri, hünär ugurlary boýunça alnyp barylýan gepleşiklerde öz pikirlerini beýan edip bilmekleri üçin fakultetleriň arasynda iňlis dilinde bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Talyplar tarapyndan “Debates club” her hepdede gurnalýar. Arakesme wagtynda dünýä täzelikleri institutyň ses beriş ulgamyndan goýberilýär.

SPORT

Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna hem-de dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 300 adama niýetlenen ýapyk sport zaly, 30 adama niýetlenen türgenleşik zaly, küşt otaglary bar. Institutyň “Älem” talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli görnüşli sport ýaryşlaryna taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. Talyplaryň Saglyk ýoluna ýörişi ýygy-ýygydan guralýar. Sporta höwesli ýaşlardan düzülen woleýbol, futbol toparlary beýleki ýokary okuw mekdepleriniň toparlary bilen bilelikde guralýan ýaryşlara hem işjeň gatnaşýarlar. Küşt boýunça dünýä çempiony bolan talybymyzyň bardygy hem guwandyryjy ýagdaýlaryň biridir.

SANLY BILIM ULGAMY

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda” Konsepsiýasy bilim almagyň elektron maglumat çeşmesine elýeterliligi üpjün edýär. Bu konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, institutda bitewi maglumat tory, Sanly bilim portaly hem-de web-saýt döredildi. Bu ulgam jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, bilim almagyň bitewi elektron maglumat giňişligini döredýär. Institutyň kitaphanalarynda talyplaryň elektron kitaplardan giňden peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredildi. Sanly bilim Konsepsiýasyna laýyklykda, dünýäniň bilim giňişliginde barha giňden ornaşdyrylýan okatmagyň sanly usulyna geçilmeginiň ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hiline oňaýly täsir edýändigini gazanylýan netijeli işler aýdyň görkezýär. Institutda okatmagyň  interaktiw usuly ösen kompýuter tilsimatlaryna daýanýar. Mugallymlar tarapyndan daşary ýurt dili dersleri okadylanda innowasion tehnologiýalar, ýagny, audio-wideo ýazgylary, interaktiw tagta, lingafon enjamlary we görkezme esbaplary ýerlikli ulanylyp, talyplaryň eşitmek, diňlemek we düşünmek, öz pikiriňi erkin beýan etmek ýaly endiklerini artdyrmaga üns berilýär. Institutda hereket edýän okuw hem-de usulyýet merkezlerinde ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşyk arkaly wideokonferensiýalary geçirmek tejribesi ýola goýuldy. Bu ýerde döredilen sanly bilim portaly hem-de elektron kitaphana gory talyplara zerur wagtynda olardan elýeterli peýdalanmaga mümkinçilik döretdi. Tutuş dünýäde sanly ykdysadyýetiň zerurlyga öwrülen häzirki zaman şertlerinde sanly ulgam boýunça bilimleri artdyrmagyň bu oňyn tejribesi institutyň mugallymlarynyň geljekki ýaş türkmen diplomatlaryny taýýarlamak babatyndaky möhüm hünär işinde kämilleşmeginde, kompýuter endikleriniň we tehnologik sowadynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

UMUMY ÝAŞAÝYŞ JAÝY

Talyplaryň 248-sine talyba niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýynda olaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Ol howany ýyladyş we sowadyş ulgamy, aşhana, telewizor görülýän, ütük edilýän we eşik ýuwulýan otaglar bilen üpjün edilendir. Galkynyş otagynda talyplaryň hormatly Prezidentimiziň kitaplary, döwürleýin neşirler, halkara wakalary bilen içgin tanşyp bilmekleri üçin zerur şertler döredilendir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi