2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bergimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen gurlan, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desga Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylyşa berilýändir.
Awtoulag kärhanalar toplumynyň täze binasynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy, Awtoulaglar mekdebi hem-de “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerleşdirilendir. Bu AgPJ täze toplumynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan taraplaryň paýly gatnaşmagynda döredilendir.
Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz ulag infrastrukturasynyň, şol sanda awtomobil toplumy ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Dünýä brendleriniň döwrebap ulag serişdeleriniň satyn alynmagy bilen pudagyň binady yzygiderli täzelenýär we şunuň bilen birlikde hem ýurduň awtobus hem-de taksomotor kärhanalarynyň gerimi giňedilýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurduň bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişliginde «Türkmen Sähra - 2020» maglumat portalynyň açylandygyny bellemek zerurdyr.
Bu özboluşly maglumat çeşmesi 3D formatynda Türkmenistan awtomobil ulagy ulgamynda gazananlaryny aýdyň şöhlelendirýän habarlaryň giň toplumyny beýan edýändir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi.
Bu ugurda mazmuna baý «Türkmen Sähra - 2020» onlaýn-serişdesiniň döwletiň uzakmöhletleýin ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny hemmataraplaýyn şöhlelendirýändigini bellemek wajypdyr.