icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

28 ýanwar 2017

1665

Türkmenistan Energetika Hartiýasyna başlyklyga saýlandy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistan bu iri halkara guramanyň başlygy diýlip yglan edildi.

Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejede ýokary abraýynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ählumumy goldawynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara energetika hyzmatdaşlygy bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Täze hem-de netijeli çözgütleri gözlemekde işjeň garaýyşlary bilen hemişe tapawutlanýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürleriniň we bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň ýene bir aýdyň görkezijisidir.
Mejlisiň işiniň barşynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak Energetika Hartiýasy boýunça maslahata Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine hem-de energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça dünýä derejesinde gepleşikleri ýola goýmaga ýardam etjekdigine, umuman, durnukly ösüş we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp düzmäge gönükdirilen tagallalary birleşdirmek arkaly öňde goýlan maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň düýbüni tutujy taraplaryň biridir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň başlyklyk etmegi, ilkinji nobatda, halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasynyň ösüşiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze, çekişmeler meýdançasyny emele getirmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden, onlarça ýurduň awtordaş bolup çykyş eden degişli Kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu halkara gurama ýolbaşçylyk etmek bilen, Türkmenistan ägirt uly serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine goýmaga çalşar hem-de bu ugurda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan ulgam boýunça syýasaty durmuşa geçirer.
Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň we öndürilişiniň depgini üzül-kesil artdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä bazaryna energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde ähmiýeti gitdigiçe ýokarlanýar hem-de munuň özi köp babatda onuň geosyýasy täsiriniň derejesini kesgitleýär.
Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýeti energetika ugruny türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn esaslarynyň hataryna goşdy. Halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge Türkmenistanyň iri energetika serişdelerini iberiji hökmünde gatnaşmagy munuň wajyp ugry boldy.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolmak bilen, öndüriji, üstaşyr geçiriji, sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan adalatlylyk ýörelgelerinde gurlan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly gurluşyny döretmäge çalyşýar. Özara bähbitli hem-de uzak möhletleýin esasda gurlan, şeýle hem ýeke-täk başlangyçlar we düzgünler esasynda emele getirilen energetika hyzmatdaşlygy dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň öňegidijilik häsiýetiniň kepili bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda, ilkinji nobatda, energiýa çeşmelerine we ony ibermek üçin serişdelere ygtyýarlygyň howpsuzlygy hem-de kepillikleri boýunça meseleleriň çözgütlerini öz içine alýan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek işi ählumumy häsiýete eýe bolup durýar. Ol umumydünýä ýagdaýlara, şol sanda ekologiýa ýagdaýlaryna barha güýçli täsir edýär. Muňa Energetika Hartiýasynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hem güwä geçýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin köp görnüşli turba geçirijileriň köp şahalara bölünýän ulgamyny döretmegiň hasabyna energiýa serişdelerini ibermegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag infrastrukturasyny diwersifikasiýalaşdyrmak energetik howpsuzlygy üpjün etmekde strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Bu strategik ugry amala aşyrmak, diňe bir energiýa serişdelerini iberiji ýurtlaryň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda energetik hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutman, eýsem, ol gatnaşyklary ähli gyzyklanýan taraplar, halkara guramalar, hususan-da, BMG we Energetika Hartiýasy bilen ösdürmegi göz öňünde tutýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň garaýyşlaryny anyk beýan etdi. Onuň düýp mazmuny bolsa dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini yzygiderli hem-de ygtybarly ibermegi üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk gurluşyny döretmekden ybaratdyr. Bu mesele boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginde doly goldawa eýe boldy. Bu bolsa ýörite kararnamalar arkaly berkidildi.
Häzirki wagtda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeler zerur bolup durýar. Başgaça aýtsak, energetika boýunça meseleleriň ähli toplumyny ulgamlaýyn hem-de düýpli ara alyp maslahatlaşmak üçin guramaçylyk şertlerini döretmegiň usullaryny we özara gatnaşyklaryň syýasy ülňülerini işläp düzmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýörite düzümi — BMG-niň Energetika geňeşini, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça BMG-niň ýanynda bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň pikiri boýunça dünýä ykdysadyýetiniň energetika pudagynda häzirki wagtda emele gelen ýagdaý BMG-niň energetika howpsuzlygy boýunça Konwensiýalaryny işläp düzmegiň we kabul etmegiň zerurlygyny görkezýär.
Dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň göwrümli taslamalary amala aşyrmakda halkara kadalary we ölçegleri pugta berjaý etmek hökmany şert bolup durýar. Munda ekologiýa ugry esasylaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmek bilen, ýurdumyzyň üstüne ýüklenýän jogapkärçilige doly derejede düşünýär.
Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Ähli gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen önjeýli gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýurdumyz bu strategik pudak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Şol sanda ýurdumyz iri maslahatlary geçirmek boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Daşary ýurtlaryň hökümet wekilleriniň, döwlet we pudagyň hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, maýa goýujylaryň, abraýly alymlaryň, maslahatçylaryň we maliýeçileriň arasynda gepleşikleri guramak bilen, Aşgabat şeýle forumlary birnäçe gezek kabul etdi.

Türkmenistan Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda anyk kesgitlenen şu ugurlara: taýyn önümi almak hem-de ony eksport etmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge; täzeden dikeldilýän energiýa serişdelerini peýdalanmaga; energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmäge; energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga, energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri peseltmäge; dünýäde energiýa bolan ösen islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlary höweslendirmäge hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmaga; Hartiýanyň düzümine täze ýurtlary çekmäge aýratyn üns berer.

Türkmen paýtagty energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň ösüşiniň möhüm meselelerine, täze tehnologiýalaryň işläp düzülmeginiň we ornaşdyrylmagynyň, ählumumy derejede nebitgaz toplumynyň ösüşiniň ýollaryna garalýan halkara çekişmeler meýdançasyna öwrülýär. Häzirki wagtda dünýä energetikasyny sazlaşdyrmagyň ählumumy hukuk ulgamynyň strategiýasyny döretmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp düzmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gepleşikler täze ösüşlere eýe bolýar.

Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňegidijilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşynyň geljegi, haýsy ýörelgelerde dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnuklylygy — bularyň hemmesi köp babatda ählumumy ösüşiň umumy ugruny kesgitlär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika bazaryny göreşiň ýa-da bäsleşigiň meýdanyna öwürmek geçmişde galmalydyr, şeýle çemeleşmeler häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryna, senagat tehnologiýalarynyň ölçeglerine laýyk gelmeýär diýip belleýär.
Häzirki döwürde bütin dünýäde energetika hyzmatdaşlygyny oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleri esasynda dünýä ösüşiniň hereket ediji güýjüne öwürmäge gönükdirilen düýpgöter täze usullary işläp düzmek, tebigy baýlyklara, ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly çemeleşmek, energiýa çeşmeleriniň we sarp edilmeginiň hasabyna döreýän bähbitleri adalatly çözmäge gönükdirilen giň jemgyýetçilik isleglerini nazara almak gün tertibiniň meselesi bolup durýar.
 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi