1. Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda konsullyk gatnaşyklaryny üpjün etmek, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hem-de onuň raýatlarynyň we ýuridik taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüm birligine girýän Konsullyk gullugy bölümi tarapyndan utgaşdyrylýar.
2. «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, häzirki wagtda şu aşakdaky konsullyk edaralary açyldy we hereket edýärler:
1) Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy;
2) Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şerip ş.) Baş konsullygy;
3) Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygy;
4) Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygy;
5) Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş konsullygy;
6) Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý ş.) Baş konsullygy;
7) Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy;
8) Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt ş.) Konsullygy;
9) Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) Konsullygy, şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň konsullyk nokady (Almaty ş.).
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümleri hem konsullyk edaralaryna degişlidir. Olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hem-de onuň raýatlarynyň we ýuridik taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak wezipesini ýerine ýetirýärler.
3. Konsullyk wezipeli adamlar özleriniň wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde notarial hereketleri, raýat ýagdaýynyň namalaryny hasaba almaklygy, resminamalary we konsullyk çäklerine (okrugyna) girýän häkimiýetler tarapyndan düzülen ýa-da ol häkimiýetlerden gelip gowuşýan beýleki dürli namalary kanunlaşdyrmagy amala aşyrýarlar. Olar Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bir hatarda, raýatlara daşary ýurt döwletinde bolmak babatynda hereket edýän kanunlar we düzgünler barada maglumatlary hem-de zerur maslahatlary berýärler, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda degişli çäreleri görýärler.
4. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuk derejesi (statusy) ilkinji nobatda bolunýan ýurduň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär. Şeýlelikde, raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegini bermek baradaky konsullyk konwensiýalarynyň we şertnamalarynyň düzgünlerine uly ähmiýet berilýär.
5. Şeýle hem konsullyk hyzmatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary tarapyndan amala aşyrylýar:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýatyndaky wekilhanasy: Ahal welayatynyň Änew şaheriniň Ahal koçesi, 15-nji jay;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýatyndaky wekilhanasy: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, TNGIZT-ň Medeni-sport toplumy, Indeks 745 000, telefon belgileri: 6-05-70, 6-05-71, 6-05-72;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky wekilhanasy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 jaý. Tel belgileri: 9-10-13, 52-79-65;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Lebap welaýatyndaky wekilhanasy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly beg Tűrkmen köçesi, 1-nji jaý;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýatyndaky wekilhanasy: Mary welaýaty, Mary şäheri, Watan koçesi, 31 jaý (Mary şäher häkimliginiň edara binasy), Indeks: 745400.