icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

21 ýanwar 2023

17975

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki Çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary)

Hormatly adamlar!

Mähriban halkym!

Uly ynam bildirip, meni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandygyňyz üçin siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu ynam meni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýlägem yhlasly işlemäge borçly edýär.

Biz Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutduk. Onuň Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besledik. Eziz Diýarymyzy Ýer ýüzünde abraýly, hormatlanýan, öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary goldanylýan, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýan, ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan Garaşsyz hem baky Bitarap döwlete öwürmegi başardyk.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda düýpli özgertmeleri geçirmegimiz, takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly düzülen maksatnamalary kabul etmegimiz we ýerine ýetirmegimiz netijesinde uly ösüşleri gazandyk. Ýurdumyzyň ähli ýerinde täze obalary, şäherçeleridir şäherleri döretdik. Döwrebap önümçilik, senagat kärhanalaryny, bilim, saglyk, sport we medeni maksatly binalary gurduk. Jemgyýetçilik gatnaşyklary hem kämilleşdirildi. Bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilmegi netijesinde telekeçileriň we senagatçylaryň, hususyýetçileriň täze nesli kemala geldi. Indi olar diňe bir ýurdumyzyň içinde iş alyp barmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejelere hem çykýarlar. Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürmäge, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda durmuş üpjünçiligi ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde maşgalalaryň müňlerçesi ýeňillikli karzlaryň hasabyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň we öýleriň eýeleri boldular. Ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan goldaw bermek işi ýola goýuldy. Raýatlarymyzyň oňaýly şertlerde ýaşamaklary, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, ruhy taýdan baý bolmaklary üçin ähli şertler döredildi.

Elbetde, häzir ähli üstünliklerimizi, ýeten belent sepgitlerimizi sanajak bolsak, örän köp wagt aljak. Olary sanap oturmagyň zerurlygy hem ýok diýip hasap edýärin. Sebäbi biz üstünliklerimizi gündelik durmuşda her gün görýäris. Ýöne maksatnamalarymyzy kabul edenimizde-de özgertmeleri meýilleşdirýäris. Ilkinji nobatda, mähriban halkymyza daýanyp, ähli işlerimizi halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Ýeten belent sepgitlerimiziň bolsa raýatlarymyzyň agzybirlikde, jebislikde, ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldap, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde mümkin bolandygyny nygtamak isleýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde, Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris. Munuň üçin şertlerimiz hem, mümkinçiligimiz hem bar. Öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin berk ylmy we hukuk esaslary bolan maksatnamalar kabul edildi. Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde geljek 30 ýylda ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» kabul etdik. Maksatnamada göz öňünde tutulan işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Kabul edilen bu maksatnamalarda her ýylda bellenen işlerimizi artygy bilen berjaý etsek, olaryň möhletinden öň ýerine ýetiriljekdigine şübhe ýokdur. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Maksatnamalarda şu ýylda göz öňünde tutulan işler hem köp. Şu ýyly biz ýaşlarymyz bilen baglanyşdyrdyk. Oňa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, olary goldamaga gönükdirilýär. Biz döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslaryny has-da berkitmek üçin geçen ýylyň sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdik. Kanunda ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tertipde tölemekleri kepillendirildi. Bu bolsa ýaşlarymyzyň durmuşda öz orunlaryny tapyp, ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaklaryna oňyn täsirini ýetirer diýip pikir edýärin. Bu Kanunda okuwyň üznüksizligini gazanmak we hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaklary üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly birnäçe kadalar, beýleki ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Biz ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklarynda şu ýyl hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly işlemelidiris. Şanly seneleri, dürli dabaralary geçirip, birnäçe önümçilik maksatly we ýaşaýyş-durmuş ugurly desgalary ulanmaga bermelidiris. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň biridir.

Ýaňy hem belleýşim ýaly, kabul eden maksatnamalarymyzda öňde goýan aýdyň wezipelerimize tarap ynamly öňe barýarys. Häzir men şolaryň käbiri barada gysgaça aýdyp geçmek isleýärin.

Biz dünýäde deňi-taýy bolmadyk, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýarys. Geljekde-de Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny dowam etdirmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňelder. Goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkidip, yklymyň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer. Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň tutuş adamzadyň bähbitlerini öňe sürýän birnäçe Kararnamasy kabul edildi. Döwletimiz geljekde-de sebit we dünýä derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýelemelidir, dürli teklipler bilen çykyş etmelidir.

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda dürli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Syýasy, ykdysady, maliýe ugurlarynda ýöriteleşen halkara guramalar bilen jebis hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Halkymyzyň ruhy we taryhy mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda medeni-ynsanperwer ulgamda ÝUNESKO we beýleki iri düzümler bilen hyzmatdaşlyk muňa mysaldyr. Ähli ugurlar boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine, munuň bolsa diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine-de hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn.

Paýtagtymyz ak mermerli Aşgabat döwletimiziň ýüzi diýlip hasap edilýär. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda birnäçe gezek orun aldy. Biz geljekde-de paýtagtymyzy ösdürmegi dowam etdirmelidiris. Biziň öňümizde «Altyn kölüň» kenarynda döwrebap binalary gurmak, şäheri ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň hem-de döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly örän möhüm işler durýar. Bu taslamalar amala aşyrylanda, «akylly» jaýlary we öýleri gurmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga üns berilmelidir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu ugurda biziň esasy maksatlarymyz şu aşakdakylar, ýagny:

birinjiden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak;

ikinjiden, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak;

üçünjiden, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini, örän amatly şertlerde ýerleşendigini göz öňünde tutup, onuň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryny doly möçberde ulanmak;

dördünjiden, Türkmenistany agrar döwlet bolanlygyndan ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky tagallalarymyz netijesinde ýüze çykýan käbir meseleleri, mysal üçin, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, geljekde ykdysady mümkinçiliklerini has-da berkitmek ýaly meseleleri çözmek;

bäşinjiden, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek;

altynjydan, telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny we kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly işler milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu işlere ähmiýet bermek arkaly halk hojalygyny ösdürmekde hususy pudagyň paýynyň artmagy üçin ähli şertleri döretmek;

ýedinjiden bolsa, ekologik abadançylygy üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bolup durýar.

Ine, hormatly adamlar, şular biziň umumylaşdyrylan baş maksatlarymyz bolmalydyr. Bu maksatlar halkymyzyň, her bir raýatymyzyň bähbitlerine we geljegine diňe oňaýly şertleri döreder.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly watandaşlar!

Biziň döwlet syýasatymyz jemi içerki önümiň jan başyna düşýän mukdaryny artdyrmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, netijede, ilatyň girdejilerini köpeltmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Bu syýasaty amala aşyrmak üçin ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply harytlary köp öndürmegi dowam etdirmek zerurdyr.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli, ussat hünärmenler bilen üpjün etmäge hem aýratyn üns bermelidiris. Biz ýaşlarymyzyň dünýäniň iň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişini halkara derejelere çykarmak arkaly bu möhüm meseläni çözüp bileris.

Ýokarda aýdylan toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde biz ýangyç-energetika toplumynda gury ýerde we deňizde nebitgaz känlerini özleşdirmek, köp mukdarda maýa goýumlary çekmek, dürli önümçilik desgalaryny gurmak arkaly olaryň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmalydyrys. Şu işleriň netijeleri halklaryň bähbitlerine hyzmat etmelidir.

Gurluşyk serişdelerini öndürmekde-de baý tejribe toplandy. Geljekde biz içerki bazarlarymyzy doly üpjün edýän we eksporta niýetlenen taýýar önümleri öndürmäge ukyply kärhanalary gurmalydyrys. Täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, energiýany paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, ulgamyň desgalaryny umumy halka birikdirmek, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyryp, onuň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny köpeltmek, içerki sarp edijileri doly we bökdençsiz üpjün etmek energetiklerimiziň baş wezipeleri bolmalydyr. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşendigi bilen baglylykda, awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri gurmak, awtoulag, demir ýol, deňiz hem-de howa üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegi, ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny artdyrmagy hem ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri diýip hasap edýärin.

Biziň ýerli çig mal serişdelerini ulanmaga aýratyn üns bermegimiz zerurdyr. Häzirki döwürde gurluşyk materiallaryny, himiýa senagatynyň önümlerini öndürmekde, dermanlary taýýarlamakda ýerli serişdeleri işjeň ulanýarys. Şonuň bilen birlikde, azyk önümlerini köp öndürmäge, azyk senagatynyň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermelidiris. Daşky gurşawa, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek, olary tygşytly ulanmak, tebigatyň arassalygyny saklamak boýunça geçirýän işlerimizi hem dowam etdirmelidiris. Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna suwaryşyň hilini gowulandyrmak we ýokary hasyl almak iň wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.

Öňde goýan maksatlarymyz has düşnükli bolar ýaly, şu ýerde käbir durmuş meselelerini ýatlatmagy ýerlikli hasap edýärin. Kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan işleriň netijesinde geljek ýedi ýylda biz aýlyk zähmet haklaryny artdyrmalydyrys. Önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmelidiris. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdiriler. Ilatyň jan başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň meýdany ep-esli köpeler. Diňe ýaşaýyş-durmuş ulgamy boýunça köp sanly mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim, ýokary hünär bilim edaralary, häzirki zaman hassahanalary we medeniýet öýleri gurlar.

Men bu ýerde diňe bir ulgam boýunça ediljek işleri mysal getirdim. Şeýle mysallary beýleki pudaklar boýunça-da getirip bolar. Görşüňiz ýaly, öňde durýan wezipeler örän uly, edilmeli işler has köp. Bu işleri biz halkymyz, her bir raýatymyz bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, iş ýüzünde durmuşa geçirmelidiris.

Eziz watandaşlar!

Men halkymyň güýjüne daýanýaryn. Siziň her biriňiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Mähriban halkym!

Maňa uly ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandygyňyz üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Hemmäňize Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly adamlar!

Ýaşasyn, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan! Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, türkmen halkynyň rowaçlyklary dowamat-dowam bolsun!

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi