icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

17 mart 2023

6407

Özbegistanda «Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 14-15-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Horezm welaýatynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäraniň  çäklerinde Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgylar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy we «Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Dabaraly çärä türkmen tarapyndan Ilçihananyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň we «Türkmenistan» gazetiniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.

Dabara Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň, Garagalpagystan Respublikasynyň bilim ministrliginiň, Horezm welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyplary, magtymgulyşynaslar hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hywa şäheriniň çäginde ýerleşýän «Içan kala» (Içerki gala) ýadygärlikler toplumyna we ol ýerde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň bilim alan Şirgazy medresesine hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere aýlandylar.

Şeýle-de türkmen we özbek wekilýetleri Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynyň «Uly howly» taryhy ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek dostluk öýüniň çäginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdylar we «Magtymguly Pyragy - türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden magtymgulyşynas alymlar we döredijilik işgärler iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtda, Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň we bu ugurdaky ylmy gözlegleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdiler. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döreden şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edilendigini, şol sanda, özbek diline terjime edilendigi bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi